Aşgabat, 2022-nji ýylyň 4-nji marty: BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň “Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi” atly bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde, Daşky gurşawy goramak boýunça BMG-niň maksatnamasynyň (UNEP) goldaw bermeginde, Türkmenistanyň Howanyň üýtgemegi baradaky dördünji milli habaryny (HC4) we BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň (UNFCCC) çäklerinde Ilkinji iki ýyllyk täzelenen hasabaty taýýarlamagyň aralyk netijeleri boýunça webinar geçirildi. Webinaryň barşynda klimat hakyndaky Pariž ylalaşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň milli kesgitlenen goşandynyň (MKG/NDC) resminamasynyň taslamasynyň işlenip düzülmegini goldamak üçin BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň taslamasynyň işi hakynda maglumat berildi.
Türkmenistan bughana gazlarynyň zyňyndylaryny çäklendirmäge we howanyň üýtgemegine garşy hereket etmek babatynda ýurduň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga ymtylýar. Şunuň bilen baglylykda, Howanyň üýtgemegi hakynda dördünji milli habaryň taýýarlanmagy bughana gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmaga, howanyň üýtgemegi babatyndaky meseleler boýunça mümkinçilikleri artdyrmaga ýardam berer we ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň arasynda gepleşikleri, maglumat alyş-çalyşyny we hyzmatdaşlygy pugtalandyrar. NC4-iň taýýarlanmagy, howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynda (täze neşir, 2019 ý.) beýan edilen klimatik çäreleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine hem ýardam berýär.
Ösüşiň bu tapgyrynda, Birleşen Milletler Guramasynyň howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly konwensiýasynyň borçnamalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň UNEP we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň goldawy bilen, Howanyň üýtgemegi baradaky dördünji milli habar we Konwensiýanyň sekretarlygy üçin Ilkinji iki ýyllyk hasabaty işlenip taýýarlanylýar.
Webinara Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şol sanda Daşary işler ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Energetika ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň, Dokma senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň, “Türkmengaz”, “Türkmennebit”, “Türkmenhimiýa” Döwlet konsernleriniň, “Türkmenengeologiýa” Döwlet korporasiýasynyň we “Türkmennebitönümleri” Müdirliginiň, “Türkmenhowaýollary”, “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmendemirýollary” we “Türkmendeňizderýaýollary” Agentlikleriniň, şeýle hem Aşgabat şäher häkimliginiň wekilleri gatnaşdy.
Duşuşyga gatnaşyjylar howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ýokarda görkezilen strategiki resminamalary taýýarlamagyň aralyk netijelerini hödürlediler we bughana gazlaryny tükellemek babatyndaky meýillerini, howanyň üýtgemeginiň netijelerini gowşatmak we uýgunlaşmak, energiýa netijeliligi we bughana gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak babatyndaky çäreleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.
“NC4-iň taýýarlanmagy, bughana gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak, howanyň üýtgemegine täsirlenmä we uýgunlaşma baha bermek, jemgyýetçiligiň howanyň üýtgemegi babatyndaky meseleler boýunça habarlylygynyň we biliminiň derejesini ýokarlandyrmak hem-de Türkmenistanyň edara ediş, ylmy-tehniki we adam maýasyny pugtalandyrmak boýunça milli çäreleriň durmuşa geçirilişine baha bermäge ýardam berer” - diýip, BMG-niň Türkmenistandaky Ösüş Maksatnamasynyň Ekologiýa portfeliniň maksatnama derňewçisi Farhat Orunow belledi.
Duşuşygyň ýene bir möhüm temasy hökmünde taslamanyň dolandyryjysy (menejeri) Batyr Ballyýew tarapyndan Howanyň üýtgemegi baradaky Pariž ylalaşygy boýunça ýurduň Türkmenistanyň milli kesgitlenen goşandynyň (MKG/NDC) resminamasynyň taslamasyny taýýarlamak işine syn edildi. Bu resminama, Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan resmi taýdan kabul edileninden soň, Howanyň üýtgemegi baradaky Pariž ylalaşygyndaky borçnamalara laýyklykda ýurduň bughana gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak babatyndaky niýetini görkezmek üçin hem-de we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek babatyndaky bütindünýä tagallalary goldamak üçin BMG-niň howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly konwensiýasynyň sekretarlygyna hödürlener.
***
Türkmenistan, 1995-nji ýylda BMG-niň howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly konwensiýasyny we 2016-njy ýylda Howanyň üýtgemegi baradaky Pariž ylalaşygyny tassyklap, olarda öňde goýlan meseleleriň giň gerimini çözmeklige gönükdirilen işjeň çäreleri yzygiderli durmuşa geçirýär. 1999-njy ýyldan 2015-nji ýyla çenli döwürde ýurt BMG-niň howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly konwensiýasynyň Sekretarlygyna Türkmenistan tarapyndan howanyň bütindünýä üýtgemeginiň öňüni almak babatynda görülýän çäreleri jikme-jik beýan edýän klimatyň üýtgemegi hakynda üç sany Milli habary taýýarlady we hödürledi.
Häzirki wagtda işlenip taýýarlanylýan nobatdaky dördünji Milli habar - öňki üç sany Milli habaryň logiki dowamydyr.