Lebap welaýaty geografik ýerleşişi boýunça ýurduň iň uzyn welaýaty bolup durýar. Orta Aziýanyň iň uly derýasy bolan Amyderýa onuň günortasyndan demirgazygyna 830 kilometre çenli uzap, akyp geçýär. Welaýatyň bu esasy suw gorunyň kenarlarynda has irki döwürlerden bäri dürli oba-hojalyk ekinleri ýetişdirilen jülgeler ýerleşipdir. Şeýle-de bolsa, howanyň üýtgemegi bilen, suw bolçulygy ýerli ilatyň gülläp ösmegi we ýaşamak üçin gerekli şertleri gowulandyrmagy üçin ýeterli bolup durmaýar.
Howanyň ýylylygynyň artmagy daşky gurşawyň ýaramazlaşmagynyň we howa şertleriniň erbetleşmeginiň göniden –göni sebäbi bolup durýar we topragyň biologiki we ykdysady öndürijiliginiň azalmagy bilen bolsa, ýerli halkyň hal-ýagdaýy peselýär. Şeýle hem, ykdysady ýagdaýyň üýtgäp durmagy bilen ýerli halkyň aglaba bölegi oba-hojalygyny ösdürmegiň we alternatiw girdeji çeşmelerini tapmaklygyň has täsirli çözgüdini agtarmaga başlamaly bolýar.
Köplenç maşgala üçin gazanç etmekligiň we alternatiw girdeji çeşmelerini tapmaklygyň agramy zenanlaryň paýyna düşüp, olar obalarda maşgalalaryň esasy diregi we howanyň üýtgemegi zerarly iň köp ejir çekýän topar bolup durýär.Bütindünýä ekologik gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýän BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň we Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň bilelikdäki taslamasy tejribelik geçirýän etraplarynda oba hojalygyndaky zenanlara konsultatiw goldaw berýär. Bu goldaw zenanlaryň maliýe durnuklylygyny saklamaga we üstünlikli tejribeleri girizmeklik we alternatiw girdeji çeşmelerini almaklygyň ýollaryny görkezmeklik arkaly zenanlaryň mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirilendir.
Lebap welaýatynyň «Watan» we «Parahat» atly daýhan birleşiklerinde ýaşanaýan birnäçe zenan üçin wermikompost (biogumus) önümçiligi olaryň maşgala girdejilerini artdyrmagyň we hal-ýagdaýlaryny gowulandyrmagyň esasy çeşmesine öwrüldi.
Gulbahar
Gülbahar Lebap welaýatynyň Zergomen obasynda önüp ösdi. Onuň iki gyzy we bir ogly bar. Bütin ömri boýunça Gülbahar daýhan birleşiginiň oba hojalygy bilen baglanşykly dürli wezipelerinde işledi. Ýöne pensiýa çykandan soň, Gülbahar öz maşgalasyna goşmaça girdeji getirmekligiň ýollaryny agtarmaly boldy. Şeýdip, Gülbahar öz melleklerinde gül, limon, kartoşka, we pomidor ýaly ösümlikleri ýetişdirmäge başlady:
Gülbahar Lebap welaýatynyň Zergomen obasynda önüp ösdi. Onuň iki gyzy we bir ogly bar. Bütin ömri boýunça Gülbahar daýhan birleşiginiň oba hojalygy bilen baglanşykly dürli wezipelerinde işledi. Ýöne pensiýa çykandan soň, Gülbahar öz maşgalasyna goşmaça girdeji getirmekligiň ýollaryny agtarmaly boldy. Şeýdip, Gülbahar öz melleklerinde gül, limon, kartoşka, we pomidor ýaly ösümlikleri ýetişdirmäge başlady:
«Iki ýyl mundan ozal men 8x6 metr ululygynda ýyladyşhana gurdum. Alan hasylymyzyň maşgalamyzdan artanyny satuwa çykarýardyk. Men bolgar burçy we pomidor ekýärdim we goňşularym olaryň tagamynyň üýtgeşikdigini aýdyp, datmaga gelýärdiler, sebäbi men mineral dökün ulanmaýardym,” diýip, Gülbahar gürrüň berýär. “Şeýlede bolsa, toprak gitdigiçe hasyllylygyny ýitirdi we men çüýrän ders ulanmaly boldum. Bu bolsa çybyn-çirkeýleriň we haşal otlaryň köpelmegine getirdi. Olar bilen göreşmek üçin bolsa dürli-dürli himiki serişdeler ulanmaly boldum. Meniň pikirimçe, bu ulanýan usullarym gök-önümleriň tagamyny üýtgetýän ýalydy we şonuň üçin men önümçiligimizi bol we ekologiýä taýdan arassa etmekligiň amatly ýollaryny gözlemäge başladym».
2019-njy ýylda Gülbahar BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň “Zenanlar üçin hem inklýuziw bolan, alternatiw girdeji çeşmeleri we ýerli oba-hojalyk jemgyýetleriniň howa şertlerine durnukly önümçiligini goldamaklyk. Biogomus – oba hojalygynyň täsirliligini artdyrmaklygyň gorudyr” atly geçirýän gysga wagtlaýyn okuwuna gatnaşdy we Biogumus öndümçiligini gurnamak boýunça taslamanyň oba-hojalyk maglumatlary bazasynda mugt oba-hojalyk maslahatlaryny alýan zenanlaryň inisiatiw toparyna goşuldy. Öňdebaryjylygy bilen tapawutlanyp, ol taslamadan bir halta Kaliforniýa gurçuklaryny aldy we häzirki wagtda öz melleginiň bir böleginde hususy önümçiligini ýola goýdy. Gülbahar “Watan” daýhan birleşiginiň hormatlanýan agzasy bolup durýar we öz tejribesi arkaly ýaş gyzlara we beýleki ýaşaýjylara ekologiýa taýdan arassa önümçiligiň nähili bolýandygyny, onuň artykmaçlyklaryny we goşmaça girdeji çeşmelerini tapmakda öz mümkinçilikleriňi nähili peýdalanmalydygyny öwredýär.
«Öň men ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde öndürilen biogumusy satyn alýardym, emma ol meniň üçin örän gymmada düşýärdi. BMG-niň ösüş maksatnamasynyň okuwyna başlanymda, men onuň peýdaly aýratynlyklaryny bilýärdim, emma ony özüm öndürmäge bilimim we ukybym ýetenokdy. Şu taslamanyň goldawy bilen, men bu iş bilen meşgullanmaga başladym we örän oňat netije aldym,” diýip, Gülbahar gürrüň berýär.
Biogumusyň taýýarlygy üçin gowy howalanýan we iki bölege bölünen ýörite ýer taýýarlanýar. Koliforniýa gurçuklary ilki ýörite substrat (dersiň garyndysy, ýaşyl otuň galyndysy we käbir hojalyk galyndylary) sepilip taýýarlanan ýeriň bir bölegine garylýar. Gurçuklar şol topragyň ählisini özünden geçirenden soň, olar ýörite substrat bilen taýýarlanan ýeriň beýleki bölegine geçýärler. Substratyň çyglylygyna, ýylylygyna we suw görkezijilerine gözegçilik etmeklik örän wajyp bolup durýar. Gyzyl kaliforniýa gurçuklarynyň (Eisenia fetida) ýaşamagy bilen toprak ýumşak, yssyz we minerallara baý bolýar. Taýýar bolan biogumus her ekiniň düýbine bir çemçeden belli bir wagt aralygynda, meselem, her 2-3 hepdeden berilýär.
«Indi men öz hojalygymyza gerekli bolan biogumusy öndürýärin we bu maňa hasylymyzy artdyrmaga we mineral dökünlere harjaýan serişdelerimi tygşytlamaga kömek etdi. Men eýýäm pomidorlarymyzy satdym, sebäbi öz hojalygymyza gereginden artyk hasyl aldyk. Şeýle hem men goňşularyma her kilogramy 4 manadan birnäçe halta biogumus satdym we dogan-garyndaşlarymyza-da paýladym. Men häzir eýran hurmasyny we apelsini ekdim,» diýip, Gulbahar belleýär. «Men öz ýyladyşhanamyzy ýene-de 30 kwadrat metr ulaltmak we biogumus önümçiligini artdyrmak isleýärin. Bu bolsa maňa satuwa çykarmak üçin has köp gök-önüm we gülleri ýetirşdirmäge ýardam eder.»
Gülbahar eýýäm «Watan» daýhan birleşiginiň başlygynyň demonstrasion ýyladyşhanada limon ýetişdirmeklik baradaky teklibini kabul etdi. Häzirki wagt ol BMG-niň taslamasynyň çäklerinde gurulýar. Ol şeýle-de, kaliforniýa gurçuklaryny köpletmek we olary biogumus önümçiligine başlamak isleýänlere satmak isleýär.
«Köp adamlar biogumusyň barlygyndan hem habary ýok, emma bilseler we ulansalardy, onda olaryň hem hasyllary bol bolardy. Men gurçuklaryň peýdasynyň köpdügine ynanýaryn. Men köp zat tejribe etdim, ne azot, ne-de fosfor edil şunuň ýaly gowy we köptaraplaýyn täsir görkezmedi. Men hemme kişä biogumus barada we onuň öndürilişi barada gürrüň berýärin. Esasy zat işsiz oturmazlyk we peýdaly iş bilen meşgullanmaklykdyr. Şonda öýde asudalyk we agzybirlik bolar.»