BMGÖM-niň Global gaznasynyň Inçekesel taslamasynyň laboratoriýa hünärmeni Swetlana Tomasowa bilen söhbetdeşlik

August 11, 2021

Photo: UNDP/Turkmenistan

Photo: UNDP/Turkmenistan

- Swetlana, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde durmuşa geçirilýän “Türkmenistanyň milli inçekesel maksatnamasynyň 2024-nji ýyla çenli Global gaznasynyň goldawyndan çykmagy” atly täze grantyň maksatlary nämelerden ybarat?

- Global gaznasy 2010-njy ýylda Türkmenistanda inçekesele garşy göreşmek boýunça milli tagallalara goldaw berip başlady. Soňky 11 ýylyň dowamynda Türkmenistanda inçekeseli anyklamagyň we bejermegiň häzirki zaman usullarynyň girizilmegine goldaw bermek bilen bir hatarda grant çäreleriniň kem-kemden döwlet tarapyndan doly maliýeleşdirmegine geçmek babatynda hem uly işler edildi.

Hazirki wagtda bu grant diňe programma taýdan iň çylşyrymly çäreleri öz içine alýar, inçekesele garşy göreşmek boýunça maksatnama bolsa tutuşlygyna esasan Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýär. “Türkmenistanyň Milli inçekesel maksatnamasynyň 2024-nji ýyla çenli Global gaznasynyň goldawyndan çykmagy” atly taslamasynyň maksady – 2024-nji ýyla çenli ähli grant çäreleriniň doly döwlet tarapyndan maliýeleşdirilmegine geçmegi tamamlamak bolup durýar.

Bu grant 2024-nji ýyla çenli inçekesele garşy giň dermana durnukly görnüşleriniň (ŞLU-TB diýilýär[1]) anyklamagy we bejergisini goldamagy dowam etdirer. Mundan başga-da, bu taslama sanlylaşdyrmagyň milli konsepsiýasyna laýyklykda inçekesel boýunça elektron sanaw girizilmegi babatynda-da işler alyp barar.

Taslamanyň çäklerinde näsaglar bejergä ygrarly bolmak üçin goldaw alýarlar –bu her bir näsagyň diňe bejergini başlaman, eýsem doly bejeriş kursuny tamamlamagyny we bejerilmegini üpjün etmäge gönükdirilen tutuş toplumlaýyn maksatnamadyr. Lukmanlar we şepagat uýalary üçin okuw meýilnamalary, halkara tälimçileriň gatnaşmagynda dowam etdiriler. Bu grantyň çäklerinde Germaniýadaky bir barlaghana bilen bilelike barlaghana ulgamymyza dünýä standartlary derejesinde işlemäge kömek edýän hyzmatdaşlyk göz öňünde tutulýar. Bu sanalan işler meýilleşdirilen işleriň diňe ujypsyzja bölegi.

- Swetlana, köp adam bilmeýär, ýöne her birimiz inçekeseliň taryhyny öwrenmek isleýäris: inçekesel näme, ol haçan peýda boldy we inçekesele sebäp bolýan bakteriýany ilkinji gezek ýüze çykaryldy?

- Inçekesel (latyn tuberculum – “depejik” sözünden) ýokanç kesel bolup, dünýäde iň ýaýran ýokanç kesellerden biridir. “Mycobacteriumtuberculosiscomplex” toparyna degişli (Koh taýajygy ady bilen has gowy tanalýar) dürli görnüşli mikobakteriýalardan adamlarda we haýwanlarda döreýär we öýkenlere we beýleki synalara tasir edýär. Tutuş adamzat taryhy boyunça inçekesel adamyň ýoldaşy bolup gelýär. Mysal üçin, inçekeseliň alamatlary biziň eramyzdan 5000 ýyl öň ýaşan adamyň galyndylaryndan tapyldy. Bütindünýä saglyk guramasynyň maglumatlaryna görä, dünýäde her ýyl takmynan 10 million adam inçekesel bilen keselleýär.

Uzak wagtlap inçekesel nesilden nesile geçýän kesel hökmünde görülýärdi we onuň ýeke-täk bejergisi hem arassa howa we gowy iýmitlenmekden ybarat diyip hasaplanýardy. Köp ýyllaryň dowamynda keseliň yüze çykyş sebäbi anyklanylyp bilinmedi. Bu diňe nemes lukmany Robert Koh-yň 17 ýyllap barlaghanada zähmet çekmeginiň netijesinde, 1882-nji ýylda inçekesele sebäp bolýan mikobakteriýany mikroskop astynda ilkinji gezek görmegi bilen mümkin boldy. Bakteriýalary açan adamyň hormatyna, oňa Koh Basillasy diýip at goýdular, daşky görnüşi boýunça mikobakteriýa taýajyga meňzeýändigi sebäpli, oňa kämahal inçekesel taýajygy diýilýär. Koh taýajygy tapylandan 13 ýyl soň, Wilgelm Rentgen inçekeseli anyklap bilýän şöhlelerin açyşyny amala aşyrydy. Alymlaryň ikisi – hem Robert Koh, hem Wilgelm Rentgen Nobel baýraklaryna mynasyp boldular. Häzirki wagta çenli rentgen we gakylyk barlagy inçekeseli anyklamak üçin esas bolup galsa-da, munuň uçin elbetde häzirki zaman tehnologiýalary ulanylýar.

- Taslamanyň tagallalary bilen häzirki wagtda ýurtda inçekeseli anyklamagyň haýsy usullary ulanylýar?

- Häzir ýaňy-ýakyna çenli inçekesel barlaghanalarynyň arsenalynda diňe gakylyk mikroskopiýasy we el usuly bilen edilýän ekişleriň bar bolandygyny göz öňüne getirmek kyn. Barlaghananyň anyklaýyş möhleti 10-12 hepdä çenli dowam edýärdi. Mikobakteriýa inçekeseli islendik janly organizm ýaly ýaşamaga synanyşýar we uýgunlaşýar, ýagny inçekeseli bejermekçi bolýan dermanlarymyza garşylygy ösdürýär. Diňe Kohuň taýajygyny kesgitlemek wajyp bolman, eýsem haýsy dermanlaryň belli bir näsagyň bejergisi üçin täsirli boljakdygyny kesgitlemek hem möhümdir. Häzirki wagtda inçekeseli anyklamak, şol sanda inçekesele garşy dermanlara duýgurlygyny kesgitlemek üçin birnäçe ýokary duýgur, çalt we awtomatiki usullar bar.

Türkmenistan inçekeseli anyklamagyň Bütindünýä saglyk guramasy tarapyndan tassyklanan häzirki zaman usullarynyň ösen görnüşlerinden peýdalanýar. Galyberse-de, bu usullar ýurdumyzyň ähli welayatlarynda-da giňden ulanylýar. Grantyň goldawy we Türkmenistanyň Hökümetiniň maliýeleşdirmegi bilen Aşgabat şäherinde we ähli welaýatlarda GeneXpert, LPA molekulýar-genetiki synag usullary, şeýle hem BACTEC MGIT usuly bilen inçekeseliň ähli dermanlara garşy duýgurlygyny kesgitlemek mümkinçiligi bar. Inçekeselin anyklansy 2 sagadyň dowamynda amala asyrylyp, netijesi tayyarlanyar we näsaga derrew bejergi bellenilyar. GeneXpert inçekeseli anyklamakda innowasion usul hasaplanýar, şeýle hem beýleki ýokanç keselleri hem anyklap biler.

- Swetlana, BMG-nyň Ösüş Maksatnamasynyň inçekesele garşy göreş babatynda bilelikdäki taslamasynyň gazanan üstünlikleri barada bize aýdyp berseňiz?

- Inçekeseli anyklamak üçin innowasion usullary girizmekden başga-da, dermana durnukly inçekeseli bejermek babatynda-da taslama uly işler amala aşyrdy. Bu yerde bellemeli zat, yakyn wagtlara cenli inçekeseli bejermek üçin bütin dünýäde 1950-nji we 1960-njy ýyllarda ulanylýan antibiotik  serişdeleri ulanylýardy. Gynansagam, bu köne derman serişdeleri   durnuklylygy ösen inçekesele köp täsir edip bilmedi. Diňe 2012-nji ýylda, soňky 50 ýylda ilkinji gezek täze derman bolan – Bedakwilin peýda boldy, bu bolsa dermanlara durnukly inçekeseli bejermekde öňegidişlik gazanmaga mümkinçilik berdi. Birnäçe wagt soň Delamanid derman serişdesi peýda boldy we ýyldan-ýyla has netijeli dermanlaryň sany köpeldi.

Türkmenistanda dermanlara durnukly inçekeseli bejermek Bedakwilin, Delamanid, Linezolid, Klofazimin ýaly innowasion derman serişdelerini ulanmak arkaly amala aşyrylýar. Ähli bejergi düzgünleri Bütindünýä saglyk guramasynyň tekliplerine laýyk gelýär. Häzirki wagtda taslama netijesini we howpsuzdygyny görkezen Pretomanid atly täze derman serişdesini ornaşdyrmagy meýilleşdirýär.

- Keseliň alamatlaryny nädip tanap bolar? Inçekeseliň ilkinji ýüze çykarylmagynda hünärmen hökmünde maslahatlaryňyz näme?

- Ähli halklaryň arasynda “inçekesel” sözüniň manysy birmeňzeşräk, meselem, türkmen dilinde “inçekesel”, rus dilinde “çahotka”, ýagny guramak, tükenmek. Adam horlanýar, gowşaýar, tükenýär. Emma bu keseliň soňky tapgyrlarynda bolýar.

Inçekesele mahsus bolan irki alamatlar 2-3 hepde ýa-da ondanam köp wagtlap dowam edýän yzygiderli üsgülewük; gyzgynlygyň ýokarlanmagy, gowşaklyk, derlemeklik bolup biler.

Inçekesele mahsus alamatlary ýüze çykarsaňyz, derrew maşgala lukmanyna ýüz tutuň, ol zerur barlaglary bellär: gakylygyň barlagynyň mikroskopiýasy, dem alyş organlarynyň rentgen barlagy we ş.m. Eger inçekesel kesel kesgitlemesi tassyklansa, näsag goşmaça barlaglary geçirmek we bejergi bellemek üçin inçekesel dispanserine iberiler.

- Inçekesel bilen kesellemezlik üçin nämä üns bermeli? Özümizi we ýakynlarymyzy nädip goramaly?

- Inçekesel howa-damja ýoly bilen adamdan adama geçýär, ýagny üsgürmek, asgyrmak, gürlemek ýaly hereketleriň dowamynda geçýär, ýagny näsag adam bilen ýakyn aragatnaşyk arkaly ýokaşýar. Jaýlary, ulag serişdelerini ýygy-ýygydan şemallandyrmaly we yzygiderli çygly arassalyk işlerini geçirmeli. Dem alyş keseliniň alamatlary bolan adam barlanylmaly we hökman agyz-burun örtügini dakmaly. Ol daş-töweregindäki adamlar bilen gatnasygynda seresaplylygy berjaý etmeli.

Inçekesel bilen hem çagalar, hem orta ýaşly adamlar, hem gartaşan ýaşly adamlar keselläp biler. Inçekesel adamyň sosial ýagdaýyna biperwaý garaýar. Inçekesel immun ulgamy gowşak adamlarda has ýygy duş gelýär. Immun ulgamynyň gowşamagyna birnäçe faktorlar sebäp bolýar: ýeterlikli iýmitlenmezlik ýa-da talabalaýyk däl iýmitlenmek, zäherli önümleri (alkogol, temmäki, neşe serişdeleri) ulanmak, meňzeş keseller (AIW ýokaşan adamlar, aşgazanyň we on iki barmak içegäniň baş ýarasy, süýjikesel bilen kesellän, gormonal dermanlary uzak wagtlap ulanan we ş.m. adamlar inçekesele has duçar bolýar).

! Inçekeseliň bejerip bolýan keseldigini belläsim gelýär, şonuň üçin esasy zat – wagtynda lukmançylyk kömegi üçin ýüz tutmak.

[1] ŞLU-TB barada has giňişleýin maglumaty Bütindünýä saglyk guramasynyň saýtynda alyp bolar: https://www.who.int/ru/news-room/q-a-detail/extensively-drug-resistant-tuberculosis-(tb)