Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde Halkara adam hukuklary güni mynasybetli bäsleşik yglan edýär.

November 29, 2021

 

Photo: UNDP/Turkmenistan

 

 

 

Photo: UNDP/Turkmenistan

 

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde Halkara adam hukuklary güni mynasybetli bäsleşik yglan edýär.

Bäsleşik, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň halkara hukugyny öwrenýän talyplarynyň arasynda geçirilýär.

Bäsleşigiň esasy mowzuklary:

- adam hukuklary babatynda halkara hukuk kadalarynyň orny;

- adam hukuklaryny goramagyň halkara we milli gurallary;

- adam hukuklary babatynda halkara hyzmatdaşlygy;

- adam hukuklary babatynda halkara hukuk kadalarynyň milli derejede durmuşa geçirilmegi.

Bäsleşige gatnaşyjylar öz işlerini Times New Roman 14 şriftinde, türkmen, rus ýa-da iňlis dillerinde hödürlemeli. Hasabat 5 sahypadan köp bolmaly däl (çyzyk aralygy - 1.5) we ol ýazylanda, hiç bir çeşmelerden göçürilmedi däl.

Her bir işde awtoryň ady, okuw jaýynyň ady we habarlaşmak üçin maglumat (e-poçta; telefon belgisi) bolmaly.

Hasabatlar 2021-nji ýylyň 7-nji dekabryndan gijä galman, elektron poçta arkaly iberilmelidir: undptm@gmail.com.

Hasabatlara 10 ballyk ulgam arkaly aşakda görkezilen ölçeglere laýyklykda baha berler:

Ähmiýeti;

Mazmuny;

Teklipler.

Işlere baha bermek we ýeňijileri saýlamak üçin aşakda görkezilen edaralaryň wekillerinden ybarat bolan eminleriň topary dörediler:

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Türkmenistanyň Adalat ministrligi

Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersiteti

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty

Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty

BMGÖM (milli geňeşçi we 1 halkara geňeşçi).

Bäsleşigiň netijeleri 2021-nji ýylyň 10-njy dekabrynda BMG-niň binasynda dabaraly ýagdaýda yglan ediler, ýeňijilere şahadatnamalar we baýraklar gowşurylar.