BMGÖM-yň bilermenleri türkmen talyplaryny ýerine ýetirilýän taslamalaryň durmuş we daşky gurşawy goramak taraplary bilen tanyşdyrdy

October 5, 2022

BMGÖM-yň bilermenleri türkmen talyplaryny ýerine ýetirilýän taslamalaryň durmuş we daşky gurşawy goramak taraplary bilen tanyşdyrdy

BMGÖM Türkmenistanda

Aşgabat, 2022-nji ýylyň 3-nji oktýabry - Ösüş taslamalarynyň durmuşa geçiriş döwründe ýüze çykyp biljek durmuş we daşky gurşawy goramak töwekgelçiliklerine täsirli çözgütleriň işlenip düzülmegi ähli gyzyklanýan taraplaryň işjeň gatnaşmagyny talap edýär. Bu ýagdaýda ýaşlaryň ähmiýetine kembaha garalmaly däldir, sebäbi olar bu prosesleriň ösmeginde we döredilmeginde aýratyn goşandyňy goşup bilerler.

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy “Daşky gurşawy goramak we durmuş meselelerini ösüş taslamasynynyň çäklerinde alyp barmaklyk saglyk ulgamyna degişli taslamanyň mysaly” atly ýörite okuw sapagyny Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde gurnady. Ady agzalan çäräni geçirmegiň esasy maksady daşky gurşawy goramak we durmuş meselelerini mundan beýläk hem dürli taslamalara we maksatnamalara goşmagyň möhümdigini nygtamakdan ybarat boldy.

UNDP Turkmenistan

Bu çäre sorag-jogap arkaly gürründeşlik görnüşinde gyzykly geçdi. BMGÖM / Bütindünýä banky tarapyndan bilelikde durmuşa geçirilýän “Türkmenistanda COVID-19-a jogap” taslamasynyň daşky gurşawy goramak we durmuş meseleleri boýunça bilermeni Şöhrat Niýazmuradow ösüş taslamalary, olaryň durmuş we daşky gurşawy goramak bilen baglanşykly töwekgelçilikleri we olary dolandyrmagyň usullary barada gürrüň berdi. Şeýle hem, okuw sapagynyňtutuş bir bölümi amaly mysala – häzirki wagtda ýerine ýetirilýän “Türkmenistanda COVID-19-a jogap”taslamasyna bagyşlandy.

Talyplaryň bilermenler bilen duşuşygy, Türkmenistanyň BMG-na doly hukukly agzasy bolmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan okuw sapaklarynyň düzümine girýär. Bu sapaklary BMG-niň Hemişelik Utgaşdyryjysynyň edarasyn gurnaýar.