Aşgabatda geçirilen ilkinji zenanlaryň Hakatony tehnologiýada gender deňligini öňe sürýär
August 15, 2022
Aşgabat, 2022-nji ýylyň 15-nji awgusty: Birleşen Milletleriň Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasy “Aziýada zorlukly ekstremizme garşy durnuklylygy pugtalandyrmak (STRIVE Asia) ÝB bilen BMG-niň bilelikdäki hyzmatdaşlygy” atly global taslamanyň we ABŞ-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň goldamagyndaky “Launch Life Coding Bootcamp” taslamasynyň çäginde “Digi Women STRIVE” atly zenanlaryň hakatony geçirildi.
Türkmenistanda geçirilýän zenanlaryň ilkinji hakatonynyň açylyş dabarasy BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynda 12-nji awgustda Halkara Ýaşlar Gününe gabatlap geçirilip, oňa 35-den gowurak zenanlar gatnaşdy. Soňraky iki günüň dowamynda zenanlaryň 9 topary tehnologiki taslamalaryny döretmek, innowasiýa pikirlerini we sanly çözgütleri ösdürmegiň üstünde işlediler. Her topar zenanlaryň iş we okuw mümkinçiliklerini artdyrmak, hem-de olaryň hünär we şahsy kämilligini artdyrmaga goldaw berýän networking we mentorlyk mümkinçiliklerini artdyrmak arkaly gender deňligini we zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmäge goşant goşjak internet sahypasyny we mobil programmalaryny döretmäge ünslerini jemlediler.
Hakaton “Launch Life Coding Bootcamp” taslamasynyň gatnaşyjylary üçin gurnalyp, zenanlar bu alty aýlyk taslamanyň dowamynda internet sahypasyny we mobil programmany döretmek üçin programirleme dillerini we usullaryny düýpgöter başdan öwrendiler. ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan goldanylýan “Launch Life Coding Bootcamp” taslamasy esasan ynjyk topara degişli zenanlary tehnologiýa ulgamyndaky iş mümkinçiliklerine ugrukdyrmagy maksat edinýär.

“Sanly özgerişler biziň dünýämizi özgerdýär we geljegimizi gurşap alýar. Şeýle-de bolsa, sanlaşdyrma gender taýdan bitarap däldir. Sosial we gender kadalary aýal-gyzlara sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini peýdalanmaga päsgelçilik döredýär" - diýip, BMGÖM-niň Hemişelik wekiliniň w.ý.ý. hanym Meri Rizýewa belläp geçdi. "BMGÖM gender deňligini we aýal-gyzlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerni artdyrmaga üns berýär, hem-de täze sanly dünýäniň döredýän mümkinçiliklerinden zenanlaryň we erkekleriň deň derejede peýdalanmagy üçin gender stereotiplerini ýok etmegiň üstünde işleýär."
Iki gün dowam eden hakatonyň ahyrynda ýaryşa gatnaşan toparlar döredijilikli pikirlerini emin agzalaryna hödürlediler. Taslamalaryň ählisi internet sahypasyny we mobil programmalary döretmek arkaly zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça döredijilikli çözgütleri hödürlediler. Ýeňiş gazanan toparlaryň ählisi sowgatlar we sertifikatlar bilen sylaglandy. Toparlaryň iň işjeň agzalary ýerli şereketlerde tejribelik geçmäge hukuk gazandylar.
Türkmenistanda geçirilen ilkinji zenan hakatonyň gatnaşyjylary we guramaçylary dürli tehniki başarnyklary we wezipeleri bolan gatnaşyjylary döredijiligiň we tolgunmanyň netijesinde döran aýratyn dinamiki atmosferanyň gurşap alandygyny we munuň meseleleriň çözgüdine täzeçe çemeleşmäge ýardam berendigini belledi. “Hakaton bize täze zat öwrenmäge we topar bolup işleýän wagtymyz tehniki başarnyklarymyzy ösdürmäge ajaýyp mümkinçilik berdi” diýip, gatnaşyjylaryň biri bolan Aýşa Samiýewa aýtdy.
“DigiWomen STRIVE” atly hakaton aýallaryň we gyzlaryň tehnologiýa başarnyklaryny artdyrmaga, bu ugurda täzeçe çözgütleri getirmek we zenanlaryň özleşdiren täze başarnyklaryny görkezmek üçin mümkinçilik döretmäge, hem-de zenanlary tehnologiýa pudagyndaky iş mümkinçiliklerinden peýdalanyp, durnukly we inklýuziw durmuşy gurmaga höweslendirýär.