Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM), Türkmenistanda parnik gazlaryny tükellemegiň Milli ulgamyny kämilleşdirmek arkaly, howanyň üýtgemegi boýunça Paryj ylalaşygy bilen bagly Türkmenistanyň borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ýardam berýär
April 13, 2023
Aşgabat, 12 aprel 2023 ý.: Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM), Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen bilelikde ýerine ýetirýän “Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi” atly taslamanyň hünärmenleri, Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) daşky gurşaw boýunça Maksatnamasynyň goldamagynda iş duşuşygyny geçirdiler.
Iş duşuşygynyň maksady, Parij ylalaşygynyň hem-de BMG-niň howanyň üýtgemegi barada çarçuwaly konwensiýasyny Türkmenistanda üstünlikli ýerine ýetirmek üçin, Dördünji Milli Habarnamanyň we Ilkinji iki ýyllyk hasabatyň çäklerinde parnik emele getiriji gazlaryň mukdaryny tükellemek işlerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.
Bu iş maslahatyna Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň: Daşary işler ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Energetika ministrliginiň, Gurluşyk we arhitektura ministrliginiň, Senagat we senagat materiallary ministrliginiň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň, “Türkmennebit” döwlet konserniniň, “Türkmennebitönümleri” Baş müdirliginiň, Türkmenistanyň Statistika baradaky dňwlet komitetiniň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň, Aşgabat şäher Häkimliginiň wekilleri, şeýle-hem taslamanyň halkara maslahatçylary gatnaşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylara, Dördünji Milli Habarnamanyň we BMG-niň howanyň üýtgemegi barada çarçuwaly konwensiýasy boýunça Türkmenistanyň Ilkinji iki ýyllyk hasabatyň çäklerinde, täze halkara usuliýetine laýyklykda, parnik emele getiriji gazlaryň mukdaryny tükellemek işleriniň ýerine ýetirilişi barada maglumatlar berildi. BMGÖM-niň howanyň üýtgemegi boýunça hünärmenleri, parnik emele getiriji gazlaryň mukdaryny tükellemek işleriniň deslapki netijeleri barada tanyşdyryş maglumatlar bilen çykyş etdiler we ýurdumyzyň Oba hojalyk, Senagat we Energetika pudaklarynda ýerine ýetirilen işler barada duşuşyga gatnaşyjylara gyzykly maglumatlary berdiler. Howanyň üýtgemegi barada Paryj ylalaşygyny ýerine ýetirmek maksady bilen, MPB halkara ulgamyny Türkmenistanda ornaşdyrmagyň aýratynlyklary barada habar berdiler.
Duşuşygyň jemleýjy böleginde, Parij ylalaşygynyň hem-de BMG-niň howanyň üýtgemegi barada çarçuwaly konwensiýasyny Türkmenistanda üstünlikli ýerine ýetirmek üçin, Dördünji Milli Habarnamanyň we Ilkinji iki ýyllyk hasabatyň çäklerinde parnik emele getiriji gazlaryň mukdaryny tükellemek işleriniň ýerine ýetirilişine baha berildi. Duşuşyga gatnaşyjylar geljekde bu ugurda alnyp barylmaly işleriň meýilnamasyny hem ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-hem Türkmenistanyň Milli dereje-de kesgitlenilýän Goşant atly resminamanyň täze görnüşiji taýýarlamak hem-de Howanyň üýtgemegi baradaky Paryj ylalaşygyndan gelip çykýan çäreleri ýerine ýetirmek, şonuň ýaly hem parnik emele getiriji gazlaryň mukdaryny tükellemegiň Milli ulgamyny kämilleşdirmek bilen bagly meseleler maslahatlaşyldy.