Aşgabat, 2022-nji ýylyň 16-njy fewraly: Şu gün, BMGÖM-niň Türkmenistanda täze bellenen wekili hanym Narine Saakýan, Türkmenistanyň Prezidenti onuň Alyhezreti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa ynanç hatlaryny gowşurdy.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň arasynda ykdysady diwersifikasiýa, sanly transformasiýa, saglygy goraýyş, sosial inklýuziýa, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi, energiýa netijeliligi, betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak, adam hukuklary we milli ösüşiň beýleki ugurlary ýaly giň gerimli meseleler boýunça geljekde strategiki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hanym Narine Saakýan Türkmenistanyň Prezidentine "Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda" kesgitlenen we halkara borçnamalara hem-de ýurduň ileri tutýan ugurlaryna laýyklykda ösüş ugrunda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek ugrunda berlen goldaw üçin minnetdarlyk bildirdi, şeýle hem Türkmenistanda we bütin dünýäde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2022-2052-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy: Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy” atly täze maksatnamany durmuşa geçirmek üçin hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirdi.
Onuň Alyhezreti Akim Ştaýner, BMGÖM-niň dolandyryjysy tarapyndan gol çekilen ynanç hatlarynyň Türkmenistanyň Prezidentine gowşuryş dabarasyndan soňra hanym Saakýan metbugata ýüzlendi:
“Meniň üçin onuň Alyhezreti Jenap Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşyp, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň arasynda geljekde strategiki hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak uly mertebedir. Men BMGÖM-niň Türkmenistanyň hökümetiniň wepaly hyzmatdaşy bolup galjakdygyny we hiç bir kişini ünsden düşürmän, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş ugrunda Gün tertibini durmuşa geçirmek üçin milli tagallalary tizleşdirmekde goldaw berjekdigini ýene bir gezek tassyklaýaryn."
Terjimehal
Hanym Saakýan BMG ulgamynda taslamalaryň dolandyryjysy we BMGÖM-niň hemişelik wekili bolup, 20 ýyldan gowrak tejribe toplady, şeýle hem ol hökümet edaralarynda we ylmy-gözleg guramalarynda, ýerli we halkara jemgyýetçilik guramalarynda, Bütindünýä bankynda, USAID-da hem-de beýleki halkara guramalarynda 15 ýyl goşmaça tejribe toplady. Onuň geçiş meýilnamasy we Ýewropa Bileleşiginde integrasiýa ýaly meselelerde hökümetler üçin esasy reformalary işläp düzmekde we ösdürmekde, ösüş we maýa goýum maksatnamalary üçin serişdeleri herekete getirmekde; döwlet edaralaryndan, ýerli häkimiýetlerden hyzmatdaşlar, donorlar we hususy pudak bilen çylşyrymly meseleleri ara alyp maslahatlaşmakda baý tejribesi bar.
Hanym Saakýan ozal BMGÖM-niň Demirgazyk Makedoniýada hemişelik wekili, Makedoniýada, Moldowada we Türkmenistanda hemişelik wekiliniň orunbasary bolup işledi. BMGÖM-da işläp başlamazdan ozal hanym Saakýan ABŞ-da ýerleşýän “EurAsia Foundation” döwlet-hususy hyzmatdaşlygy bilen ykdysady ösüş bölümine ýolbaşçylyk edip işledi. Mundan başga-da, ol Ermenistan Respublikasynyň hökümetinde dürli wezipelerde işledi - Söwda we senagat ministrliginiň Maýa goýumlar müdirliginde we Ykdysadyýet ministrliginiň Daşary ýurt maýa goýumlar müdirliginde ýolbaşçy wezipelerde işledi.
Hanym Saakýan Ykdysadyýet ylymlarynyň doktory (Moskwa, Döwlet meýilleşdiriş gullugy) we Biznes dolandyryşy boýunça bakalawr derejesine eýedir (Ýerewan, Inženerçilik uniwersiteti).