BMGÖM-iň Söwda boýunça taslamasy işiň netijeli gidişi barada maslahat ýygnagy geçirdi

August 13, 2021

Aşgabat, 13-nji awgust 2021-nji ýyl: Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) we Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan bilelikde durmuşa geçirilýän “Türkmenistanyň söwda kuwwatyny güýçlendirmek” taslamasy Taslama Geňeşiniň mejlisini geçirdi.

Bu çäräni alyp barmakda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilelikde ýolbaşçylyk etmegi bilen oňa Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig-mal biržasy, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdy.

Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar ýylyň birinji ýarymynda gazanylan üstünlikleri gözden geçirdiler we taslama maksatlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün etmek üçin ýyllyk iş meýilnamasyna laýyklykda taslamany durmuşa geçirmek boýunça indiki ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar.

"BMGÖM, içerki we daşary söwda syýasatynyň ösdürilmegine goldaw bermek üçin Türkmenistan hökümeti bilen strategiki hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyr" -diýip, BMGÖM-iň Programma Departamentiň ýolbaşçysy Röwşen Nurmuhammedow aýtdy.

***

BMGÖM bilen Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň arasyndaky “Türkmenistanyň söwda kuwwatyny güýçlendirmek” atly bilelikdäki taslama 2019-njy ýylda başlap, Türkmenistanyň söwda kuwwatyny berkitmäge we ösdürmäge, ýurduň ykdysadyýetiniň bäsdeşlik mümkinçiligini giňeltmäge we ykdysady ösüşiň we adamlaryň hal-ýagdaýynyň gowulaşmagynyň täze çeşmelerini öz içine alýar.