Aşgabat, 2021-nji ýylyň 12-nji oktýabry: Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) we Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan bilelikde durmuşa geçirilýän “Türkmenistanyň söwda kuwwatyny güýçlendirmek” taslamasynyň çäginde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça halkara şertnamalaryny ikitaraplaýyn, sebitleýin we köptaraplaýyn esasda baglaşmagyň tejribesini gowulandyrmak boýunça onlaýn-maslahat geçirildi.
Bu çäre Britaniýanyň «Crown Agents» kompaniýasynyň halkara geňeşçileri hanym Ýewgeniýa Pomerlýanyň we jenap Wladimir Trofimçugyň gatnaşmagynda bolup geçdi, olar Türkmenistanyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin bar bolan gurallary ulanmagyň tejribesine seredip geçdiler we Türkmenistanda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça halkara şertnamalaryny ikitaraplaýyn, sebitleýin we köptaraplaýyn esasda baglaşmagyň tejribesini gowulandyrmak boýunça teklipleri taýýarladylar.
Bu çäre Türkmenistanyň pudak ministrlikleriniň, şol sanda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, şeýle hem Döwlet haryt we çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň we Senagatçylar we Telekeçiler Birleşiginiň wekillerini ýygnady.
“Sebitleýin söwda we ykdysady ylalaşyklar, haýsy esasda baglanşylsada, ýagny ikitaraplaýyn ýa-da köptaraplaýyn bolmagy bilen, şol ylalaşyk islendik ýurduň söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň açarydyr. Ikitaraplaýyn, sebitleýin we köptaraplaýyn esasda söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara şertnamalaryny baglaşmak tejribesini ösdürmek ýurtdaky söwda we ykdysady akymlary erkinleşdirmäge, dünýä ykdysady proseslerine goşulmaga we eksport harytlarynyň mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik berer” - diýip, BMGÖM-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň Maksatnamalar boýunça bölümiň Başlygy Röwşen Nurmuhamedow belledi.
***
BMGÖM bilen Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Türkmenistanyň söwda kuwwatyny güýçlendirmek” atly bilelikdäki taslamasy 2019-njy ýylda başlandy we ykdysady ösüşiň täze çeşmelerini işe girizmek we halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen ýurduň ykdysady ösüşiniň söwda kuwwatyny berkitmäge, artdyrmaga, şeýle hem bäsdeşik mümkinçiligini giňeltmäge gönükdirilendir.