BMGÖM-sy Türkmenistanda Adalatçynyň Diwanynyň Aziýa-Ýuwaş umman sebiti boýunça milli hukuk goraýjy edaralarynyň forumy bilen hyzmatdaşlygyny goldaýar.

September 15, 2021

Aşgabat, 2021-nji ýylyň 15-nji sentýabry: Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili – Adalatçy Türkmenistanda BMGÖM-niň goldawy bilen ilkinji gezek onlaýn görnüşde Aziýa-Ýuwaş umman sebiti boýunça milli hukuk goraýjy edaralarynyň forumynyň 26-njy umumy ýyllyk ýygnagyna synçy hökmünde gatnaşdy.

Aziýa-Ýuwaş umman forumynyň (AÝF) umumy ýyllyk ýygnagy - bu AÝF-niň geňeşçileriniň we agzalarynyň ýygnagy bolup, soňky ýylda alnyp barylan işlerde gazanylan üstünlikleri gözden geçirmäge, şol sanda jogapkär adamlary saýlamaga, syýasaty kabul etmäge we auditor barlagyndan geçen ýyllyk hasaplaryny tassyklamaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, forum agza guramalaryň, hyzmatdaşlaryň we beýleki gyzyklanýan taraplaryň arasynda söhbetdeşlik geçirmäge, bilimleri paýlaşmaga we özara gyzyklanýan meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýär.

Däp bolşy ýaly, forumyň geňeşçileri Birleşen Milletler Guramasynyň, Milli hukuk goraýjy guramalarynyň bütindünýä bileleşigini, AÝF-niň agzasy bolmak üçin arza beren ýa-da arza bermegi meýilleşdirýän milli hukuk goraýjy edaralaryň wekillerini we degişli gyzyklanýan taraplary ýygnaga synçy hökmünde gatnaşmaga çagyrýarlar.

BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarlygy ýylda geçirýän umumy ýygnagynyň dowamynda, ynsanperwer işlerde hukuk goraýjy çemeleşmäni ulanmakda milli hukuk goraýjy edaralaryň tutýan orny barada gysgaça çykyş etdi, bu bolsa COVID-19 pandemiýasynyň täsiriniň dowam edýän döwründe aktual mowzukdyr.

Milli hukuk goraýjy guramalarynyň bütindünýä bileleşigi tarapyndan akkreditasiýa alynmak üçin AÝF Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliniň institusional mümkinçiliklerini ösdürmekde esasy halkara hyzmatdaşydyr. Geljekki ýyl Adalatçynyň diwany Türkmenistanda BMGÖM-niň goldawy bilen milli hukuk goraýjy guramalarynyň bütindünýä bileleşigine akkreditasiýa almak üçin ýüz tutmagy meýilleşdirýär.

16-njy sentýabrda Adalatçynyň diwany Birleşen Milletler Guramasynyň aýal-gyzlara garşy diskriminasiýa meselesi boýunça iş toparynyň agzalary bilen “Çökgünlik döwründe aýal-gyzlaryň jyns we reproduktiw saglyga hukuklary” atly, AÝF-da wirtual görnüşde geçiriljek interaktiw gepleşiklere gatnaşar.

***

Bellenilip geçilen çäreler Türkmenistanda BMGÖM-niň we Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliniň edarasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýän "Türkmenistanda Adalatçynyň diwanynyň institusional mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak" taslamanyň çäginde gurnalýar.

Taslama Türkmenistanyň adam hukuklary baradaky halkara borçnamalaryna laýyklykda milli kanunçylygy üýtgetmek we Adalatçynyň diwanynyň institusional mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak arkaly Türkmenistanda adam hukuklaryny goramak, öňe sürmek we durmuşa geçirmek ulgamyny gowulandyrmagy maksat edinýär.