BMGÖM we Türkmenistanyň Hökümeti Durnukly ösüş ugrunda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlygy ýaýbaňlaşdyrýarlar

December 11, 2021

Aşgabat, 2021-nji ýylyň 11-nji dekabry: Şu gün, Türkmenistanyň Hökümeti we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 26 ýyllygy mynasybetli howanyň üýtgemegi we energiýa, saglyk we demokratik dolandyryş ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça birnäçe strategiki resminamalara gol çekdiler.

Has giňişleýin aýdanymyzda, BMGÖM bilelikdäki täze taslamany ýola goýdy we ýurda daşky gurşaw, howanyň üýtgemegi we saglygy goraýyş ulgamyny pugtalandyrmak ýaly meselelerde goldaw bermek üçin alnyp barylýan taslamalaryň birine  üýtgetmeleri girizdi:

Ýaşyl howa gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýän we Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen bilelikde durmuşa geçirilýän "Türkmenistanda uýgunlaşmany meýilleşdirmegiň milli prosesiniň kämilleşdirilişi" atly maksatnama;

2024-nji ýyla çenli Türkmenistanyň inçekesele garşy
göreşmek boýunça Milli maksatnamasynyň maliýeleşdirilmeginiň
AIDS-e/Inçekesele/Gyzzyrma garşy göreşmek boýunça Global Gaznasynyň goldawyndan çykmagy barada Grant Ylalaşygynyň Maksatnamasyna üýtgetmeleri girizmek.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Hökümeti we BMGÖM 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk boýunça täze maksatnamanyň çäginde görkezilen netijeleriň üstünlikli tamamlanmagyny üpjün etmek üçin alnyp barylýan maksatnamalaryň çäreleriniň uzaldylmagy baradaky ylalaşyga gol çekdiler:

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän we BMGÖM tarapyndan durmuşa geçirilýän “Merkezi Aziýada Durnukly Ösüş Maksatlary boýunça Platformany döretmek” atly sebitleýin taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2022-2024-nji ýyllar üçin iş meýilnamasy;

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, BMGÖM-niň we Bütindünýä daşky gurşaw gaznasynyň arasyndaky “Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi boýunça Maksatnamasynyň” 2022-nji ýyl üçin iş meýilnamasy;

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, BMGÖM-niň we Bütindünýä daşky gurşaw gaznasynyň arasyndaky “Türkmenistanyň gurak sebitlerinde oba hojalygy bilen meşgullanýan ilatyň howanyň täsiri bilen bagly durmuş-ykdysady ýagdaýlarynyň durnuklylygyny üpjün etmek boýunça Maksatnamasynyň” 2022-nji ýyl üçin iş meýilnamasy;

“Biz Hökümet we beýleki ösüş hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde demokratik dolandyryş, daşky gurşaw we adamzadyň ösüşi bilen baglanyşykly giň gerimli meseleler boýunça ösüş maksatnamalaryň çylşyrymly meseleleriniň çözgüdini tapmakda ýurda goldaw bermäge dowam ederis. Bu ugurlaryň hemmesinde biz milli mümkinçilikleri ýokarlandyrmaga we ösüş boýunça milli meýilnamasyny öňe sürmek üçin innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga ýardam edýäris "- diýip Türkmenistanda BMGÖM-niň hemişelik wekili hanym Narine Saakýan belledi.

***

BMG-niň halkara ösüş boýunça öňdebaryjy edarasy hökmünde BMGÖM 170 ýurtda we sebitde garyplygy aradan aýyrmak we deňsizligi azaltmak üçin işleýär. Biz ýurtlara syýasaty işläp düzmäge, ýolbaşçylyk ukyplaryny, hyzmatdaşlyk ukyplaryny, institusional mümkinçiliklerini ösdürmäge we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin durnuklylygy ýokarlandyrmaga ýardam edýäris.