Aşgabat, 3-nji maý, 2021-nji ýyl: Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden häkimliklerdäki hossarlyk we howandarlyk bölümleriniň, etrap polisiýa bölümlerindäki kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça bölümleriniň, welaýat polisiýa müdirlikleriniň, narkologiýa dispanserleriniň, bilim we saglyk ulgamynyň wekillerinden ybarat bolan durmuş işi boýunça “garyşyk topar” diýip atlandyrylýan 70-den gowrak hünärmen durmuş işi boýunça başlangyç okuwy tamamladylar. Okuw BMG-niň we Türkmenistanyň Hökümetiniň ýerli derejede edilýän durmuş hyzmatlary baradaky Bilelikdäki maksatnamasynyň çäginde Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen hyzmatdaşlykda we Bilelikdäki maksatnama gatnaşýan BMG-niň edaralarynyň goldamagynda BMG-niň Ösüş maksatnamasy tarapyndan gurnaldy.
Bu okuw şu ýylyň maý aýynda ýerli derejede edilýän durmuş hyzmatlaryny synagdan geçirmegiň öňüsyrasynda durmuş işi boýunça hünärmenleri, durmuş işini dolandyryjylary we durmuş hyzmatlaryny üpjün edijileri öz içine alýan ýurduň durmuş işi boýunça hünärmenlerine geçirilýän okuw tapgyrlarynyň biri bolup durýar. Onuň esasy maksady ýerli derejede edilýän durmuş hyzmatlaryny synagdan geçirmekde wajyp orny bolan ýerli häkimiýetleriň, karar berijileriň we ýokarda agzalyp geçilen durmuş işi boýunça garyşyk toparlaryň wekilleriniň durmuş işi boýunça hünärmenleri ýerlerde goldamagyny gazanmak bolup durýar.
Okuwyň dowamynda oňa gatnaşyjylar durmuş işine pudagara çemeleşmek we onuň esasy ýörelgeleri, durmuş taýdan ynjyk toparlaryň meselelerini ir ýüze çykarmak we aragatnaşyk saklamak, gender esasly zulumy hem öz içine alýan zulumyň öňüni almak boýunça öňdebaryjy tejribeler bilen tanyşmak, durmuş işinde ugrukdyrmak we bahalandyrmak ýaly durmuş işiniň wajyp meseleleri barada öz bilimlerini we başarnyklaryny artdyrdylar. Şeýle hem olar Bilelikdäki maksatnamanyň synag etraplarynda işleýän durmuş işi boýunça täze hünärmenler bilen duşuşyp, olaryň durmuş taýdan ynjyk toparlary ýerli derejede goldamak boýunça alyp barýan işleri we täze hünärmenler hökmünde olaryň duş gelýän kynçylyklary barada özara pikir alyşdylar. Durmuş işi boýunça hünärmenler we durmuş işi boýunça garyşyk toparlaryň wekilleri bilelikde işlemegiň mümkinçiliklerini we artykmaçlyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
“Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek” atly Bilelikdäki maksatnama BMG-niň hyzmatdaşlyk edýän edaralary, ýagny BMG-niň Çagalar gaznasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Ilat gaznasy we BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi hem-de Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan durmuşa geçirilip, ol BMG-niň Durnukly ösüş maksatlary boýunça Bilelikdäki Gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýär. Bilelikdäki maksatnama durmuş hyzmatlarynyň ýerli derejede edilýän täze nusgasyny döretmegi, degişli kanunçylyga syn berip, teklipler taýýarlamagy we degişli hünärmenleriň durmuş hyzmatlary boýunça bilimlerini we başarnyklaryny artdyrmagy maksat edýär. Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, BMG tarapyndan BMG-niň Çagalar gaznasy Bilelikdäki maksatnama boýunça alyp baryjy edara hökmünde çykyş edýär. Beýlekiler milli hyzmatdaşlary Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligidir.
Ýerine ýetirilmeli möhleti: 2020-2022.