Türkmenistanda Uýgunlaşmagyň meýilnamalaşdyrylyşynyň milli prosesiniň ösüşi
Taslamanyň maksatlary
Taslamanyň umumy maksady – uýgunlaşmagyň milli prosesini (UMP) işläp taýýarlamak arkaly Türkmenistanyň uýgunlaşmaga we durnuklylyga ukyplylygyny berkitmek bolup durýar. Maksada şu aşakda hödürlenilýän netijeleri we aralykdaky netijeleri durmuşa geçirmegiň hasabyna ýetiler.
Türkmenistan howanyň derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagy we suwuň artýan ýetmezçiligi sebäpli howanyň üýtgemegine sezewar bolýar. Howanyň üýtgemeginiň tutuş ykdysadyýete täsir edýän wagtynda, suw pudagy ähli pudaklardan köp zyýan çekýär. Türkmenistanyň Hökümeti klimat töwekgelçiliklerini we uýgunlaşmak çärelerini býujeti meýilnamalaşdyrmak we düzmek proseslerine uýgunlaşmagyň milli prosesini (NAP) işläp taýýarlamak bilen girizmek arkaly howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we durnuklulyk babatda öz mümkinçiliklerini berkitmäge çalyşýar. Bu bolsa, beýleki esasy esas goýujy çäreleriň, şol sanda Türkmenistanyň milli derjede kesgitlenýän Üçünji we işläp taýýarlamak tapgyryndaky Dördünji milli habarnama, şeýle hem howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýanyň goşant goşmak arkaly kesgitlenýän üstüni ýetirer.
Hödürlenilýän taslama şu aşakdaky netijeleri gazanmaga gönükdirilendir:
- 1-nji netije: Pariž ylalaşygyny durmuşa geçirmek üçin institutsional çäkler döredildi.
- 2-nji netije: suw pudagynda uýgunlaşmagy meýilnamalaşdyrmak üçin subut ediş binýady güýçlendirildi.
- 3-nji netije: uýgunlaşmagy meýilnamalaşdyrmak üçin mümkinçilik güýçlendirildi. Taslama uýgunlaşyş meýilnamalaşdyrylmasyny we çäreleri geçirmek üçin milli utgaşdyryş usulyny we dolandyryş proseslerini işläp taýýarlamaga, şeýle hem çözgütleri netijeli kabul etmek üçin zerur bolan maglumatlary bermek maksady bilen, suw pudagynda subutnama binýadyny berkitmäge gönükdirilendir. Netijede, taslama uýgunlaşmagy meýilnamalaşdyrmaga gatnaşýanlaryň suw pudagynda hem, umuman uýgunlaşmagy meýilnamalaşdyrmakda hem mümkinçiliklerini artdyrar.
Gender deňligi meselelerini çözmek
Taslama zenanlary gowşak toparlaryň wekilleri hökmünde kesgitleýär we klimatyň üýtgemegine uýgunlaşmagyň pudagynda olaryň özgeriş ýolbeletçilik ukyplary ykrar edýär. Şeýlelik bilen, taslama çäreleri, “NAP: işiniň esasy ýörelgeleri hökmünde gowşaklygy we deňsizligi göz öňünde tutmak üçin döredilen gender derňewine esaslanýar. Taslama, meýilnamalaşdyrmak işinde gender meselelerini çözýän zenalaryň we Türkmenistanyň Zenanlar Bileleşigi ýaly guramalaryň wekilçilik etmegi üçin amatly şertleri döretmegi maksat edinýär. Bu maksada ýetmek üçin, taslama gender we deňlik bilen uýgunlaşmagyň arasyndaky baglanyşyga has gowy düşünmegiň zerurlygyny çözmek üçin pudaklaýyn we milli derejede meýilnamalaşdyrmak we karar bermek işlerine gatnaşýan gyzyklanýan taraplaryň mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça çäreleri geçirer. Mundan başga-da, taslama klimatyň üýtgemegine uýgunlaşmagy meýilnamalaşdyrmak proseslerine integrasiýa boýunça tehniki görkezmeleri işläp düzmekde gender esasy akym gurallaryny ulanar.