Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegine ýardam etmek

Taslamanyň esasy maksady Türkmenistanda adam hukuklaryny goramagyň, höweslendirmegiň we durmuşa geçirmegiň milli ulgamyny pugtalandyrmak, adam hukuklary çygryndaky kanunçylygy we olary amala aşyrmak boýunça işleri halkara borçnamalaryna laýyk getirmek ýoly bilen, Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegine ýardam etmek bolup durýar.

Şu Taslamanyň çäklerinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerine laýyklykda, Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) çäklerinde ýurt tarapyndan kabul edilen kanunyň hökmürowanlygyna we adyl kazyýetiň elýeterligine degişli borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine Türkmenistanyň Hökümetine Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasyny durmuşa geçirmäge ýardam etmek meýilleşdirilýär. Taslama amala aşyrylýan wagtynda BMGÖM BMG-nyň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi (AHÝKM) bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk eder we öz işini şonuň bilen utgaşdyrar.

NETIJELER WE HYZMATDAŞLYK GATNAŞYKLARY

Şu Taslamanyñ maksady aşakdaky netijeleri gazanmak bolar diýlip garaşylýar:

Netije 1. Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasynyň (AHHMM) ýerine ýetirilişine we oña gözegçilik etmäge goldaw berildi.

Netije 2. Halkara tejribesi öwrenildi we Pudagara toparyñ agzalarynyñ BMG-nyñ adam hukuklary boýunça şertnamalaýyn edaralaryna döwürleýin milli hasabatlary taýýarlamak boýunça mümkinçiligi ýokarlandyryldy.

Netije 3. Okuw mekdepleriniñ we hünäri ýokarlandyryş kurslarynyñ dürli derejelerinde adam hukuklary ulgamynda bilimi ilerletmek.

Gender deňligi meselelerini çözmek

Taslamanyň çäginde, Türkmenistanyň döwlet işgärleri üçin  gender deňligi bilen bagly meseleler göz öňünde tutulan sanly kurslaryň işläp düzilmegi we durmuşa geçirilmegi üçin Kanada hökümetinden donor serişdeleri çekildi. Bu kurslar, döwlet işgärleriniň gündelik işinde gender taýdan duýgur çemeleşmäni göz öňünde tutup, döwlet işgärleriniň habardarlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Impact

START DATE

January 2021

END DATE

April 2024

STATUS

Completed

PROJECT OFFICE

Turkmenistan

IMPLEMENTING PARTNER

Nat.Inst Democracy and Human R

DONORS

Dept of Forgn Afrs Trade & Dev

GOVERNMENT OF SEYCHELLES

GOVERNMENT OF TURKMENISTAN

UNITED NATIONS DEVELOPMENT PROGRAMME

TOTAL CONTRIBUTIONS

$373,562

DELIVERY IN PREVIOUS YEARS

2021$70,754

2022$101,914

2023$154,905

2024$10,611

Full Project information