Türkmenistanyñ Statistika baradaky döwlet komitetiniñ institusional, statistiki we maglumat-tehniki mümkinçiligini pugtalandyrmak
BMGÖM bilen Türkmenistanyñ Statistika baradaky döwlet komitetiniñ arasynda şu taslamanyñ maksady Türkmenistanyñ Statistika baradaky döwlet komitetiniñ (Türkmenstat) institusional, statistiki we maglumat-tehniki mümkinçiligini pugtalandyrmak bolup durýar.
Şunuñ bilen baglylykda taslamanyñ şu bölekleri kesgitlendi: 1) Türkmenistanyñ Statistika baradaky döwlet komitetiniñ (Türkmenstat) maglumat-tehniki mümkinçiligini pugtalandyrmak, bu statistiki maglumatlaryñ hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilýär, 2) 2008-nji ýylyñ MHU-na konseptual geçmegi amala aşyrmak we milli hasaplaryñ we olaryñ üstüni ýetirýän ykdysady statistikanyñ maglumatlarynyñ gurşap alýan çygryny, jikme-jiklik derejesini giñeltmek we hilini ýokarlandyrmak boýunça işleri dowam etdirmek; 3) DÖM-da ösüşi ölçemek üçin statistiki hasabatlylyk boýunça Türkmenstatyñ mümkinçiligini ýokarlandyrmak.
Garaşylýan netijeler
Taslamanyň netijesinde statistikanyň institusional, statistiki we maglumat-tehniki mümkinçiligini pugtalandyrmaga ýardam edýän şu netijeler gazanylar diýlip gaşalylýar.
1-nji netije: Türkmenistanyñ Statistika baradaky döwlet komitetiniñ (Türkmenstat) statistiki maglumatlaryñ hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maglumat-tehniki mümkinçiligini pugtalandyrylar.
2-nji netije: Türkmenistanyň milli hasaplarynyň usulyýet, maglumat we işgärler mümkinçiligi güýçlendirildi.
3-nji netije: DÖM-nyň görkezijileri boýunça maglumatlary ýygnamak we maglumatlar binýadyna girizmek boýunça degişli hünärmenleri okatmakda Türkmenstata ýardam etmek arkaly DÖM-da ösüşi ölçemek üçin statistiki hasabatlylyk boýunça Türkmenstatyñ mümkinçiligi ýokarlandyryldy.