BMGÖM Türkmenistanda

GENDER DEŇLIGI WE AÝALLARYŇ HUKUKLARYNYŇ WE MÜMKINÇILIKLERINIŇ GIŇELDILMEGI

Gender deňligine ýetmek hemmeler üçin parahatçylykly, abadan we  durnukly geljegi döretmek üçin möhümdir. Zenanlaryňliderligini öňe sürmek we zenanlaryň jemgyýetiň durmuşyna doly gatnaşmagyny üpjün etmek 2030-njy ýylyň Durnukly ösüş ugrunda Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegine ýardam edýär.  

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) gender deňligine ýetilmegi we zenanlaryň hukuklarynyň hem-de mümkinçilikleriniň giňeldilmegini çaltlaşdyrmagy berk maksat edinýär. Häzirki BMGÖM Strategiki meýilnamasy bilen sazlaşdyrylan BMGÖM-iň 2022-2025 ýyllar üçin Gender deňligi strategiýasy, ýurtlara we jemgyýetlere zenanlar we erkekler üçin deň hukuklary we mümkinçilikleri gazanmakda goldaw bermekde möhüm rol oýnaýar.

BMGÖM-iň bütin dünýädäki işi zenanlaryň ykdysady hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegi arkaly ykdysady ösüşiň has inklýuziw etmek üçin gönükdirilendir. BMGÖM zenanlary ýolbaşçy wezipelere çykarmak, parahatçylygy we durnuklylygy ösdürmek üçin zenanlary parahatçylyk dörediji amallara çekmek, ýerli durmuş infrastrukturany ösdürmek, garyplygyň gender meselelerini çözmek, jyns alamatly kemsitmä we zorluga garşy göreşmek, şeýle-de energiýanyň arassa çeşmelerine we durmuş ähmiýetli serişdelere deň elýeterliligi üpjün etmek üçin has köp serişde goýmaga çalyşýar.

Aşgabatda geçirilen ilkinji zenanlaryň Hakatony tehnologiýa pudagynda gender köpdürliligini öňe sürýär (2022-nji ýylyň 15-nji awgusty).

BMGÖM Türkmenistanda

Türkmenistandaky BMG-iň Ösüş maksatnamasy halkara we milli gyzyklanýan taraplar bilen gender deňligine we zenanlaryň ykdysady hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegine ýetmekde ýüze çykýan gurluş päsgelçiliklerini aradan aýyrmak üçin uzakmöhletli çözgütleri taýýarlamak, zenanlaryň dolandyryşyň ähli işlerine we ugurlaryna deňhukukly gatnaşmagyny we syýasy hem-de jemgyýetçilik durmuşynda zenanlaryň liderligini üpjün etmek üçin hyzmatdaşlyk edýär.

BMG-nyň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkezi (UNRCCA) we BMGÖM-iň Ýewropa we GDA ýurlary boýunça sebitleýin edarasy bilen hyzmatdaşlykda, 2020-nji ýylda başlanan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogyna goldaw bermek maksady bilen BMGÖM sebitiň ýurtlarynda we onuň çäkleriniň daşynda gender deňligini öňe sürýär. Dialogyň çäginde alnyp barylýan çäreler, zenanlaryň jemgyýetdäki syýasy, ykdysady we durmuş roluny pugtalandyrmak we çözgütleri kabul etmek işinde, şol sanda dünýä tertibi we durnukly ösüş meselelerine gatnaşmak mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir.

BMGÖM Dialogyň klimatyň üýtgemegi we daşky gurşawyň zaýalanmagy ýaly global howplara garşy göreşde zenanlaryň roluny güýçlendirmek ugrundaky tagallalaryny goldaýar. Klimatyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirleri, ilatyň iň ejiz gatlaklaryna, şol sanda zenanlara hem artykmaç ýük berýär. Dialog, klimatyň üýtgemegine uýgunlaşmak we onuň täsirlerini azaltmak çärelerinde aýal-gyzlaryň esasy ornuny öňe sürmek üçin platforma bolup hyzmat edýär.

Türkmenistanyň ýolbaşçylygyndaky Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň ýyllyk jemleýji ýygnagy (2022-nji ýylyň 10-njy dekabry).

BMGÖM Türkmenistanda

Türkmenistandaky BMGÖM tutuş ýurt boýunça, esasanam oba ýerlerinde zenanlaryň durmuş-ykdysady mümkinçilikleriniň ýokarlandyrmagyna ýardam berýär, klimatyň üýtgemeginiň täsirlerine uýgunlaşmaga we has çydamly bolmaga kömek edýär. Klimatyň üýtgemegine garşy göreşde we durnukly geljegi gurmakda esasy rol oýnaýan zenanlaryň paýyny artdyrmak maksady bilen işimiziň ähli ugurlarynda gender taýdan duýgur çemeleşmäni goldaýarys.

Aýal-gyzlara olaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek, täze uýgunlaşma usullaryny girizmek we alternatiw girdeji çeşmeleriniň döredilmegine goşant goşýan zenanlaryň ýolbaşçylygyndaky, ekologiýa taýdan durnukly başlangyçlary açmak üçin mümkinçilikleri artdyrmak arkaly gender okuwlaryny we maslahat beriş goldawyny berýäris. Şeýle hem, oba ýerleri üçin ýerli uýgunlaşma meýilnamalaryny işläp taýýarlamakda zenanlaryň roluny ýokarlandyrmak üçin mümkinçilikler döredýäris.

BMGÖM gender deňligini üpjün etmek boýunça mandatyna laýyklykda, BMGÖM klimat boýunça has amatly oba hojalygy, telekeçilik, innowasiýa we sanlylaşdyrma ýaly dürli ugurlarda aýal-gyzlaryň bilimlerini ýokarlandyrmak üçin yzygiderli çäreleri geçirýär. Sanly gender bölünişigini ýeňip geçmek üçin BMGÖM innowasiýa pikirlerini döretmek, aýal-gyzlara sanly başarnyklary öwretmek we STEM ugurlaryna (ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika) işjeň gatnaşmagyny we ösmegini höweslendirmek üçin platforma hödürleýär.

Türkmenistandaky BMGÖM oba ýerlerinde zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek üçin gender okuwlaryny we maslahat beriş goldawyny berýär.

BMGÖM Türkmenistanda

 Biziň işimiz, ýerli STEM çärelerini sebit derejesine çykarmak ýaly tejribe we bilim alyşmak arkaly kömek bermäge, şeýle hem has köp aýal-gyzlary bilim almaga we tehnologiýa pudagyndaky karýeralary özleşdirmäge höweslendirmek üçin habardarlygy ýokarlandyrmaga, üstünlikleri we üstünlik wakalaryny paýlaşmaga gönükdirilen.

BMGÖM döwlet goldawyny bermek we ýaşlaryň MKT (maglumat-kompýuter tehnologiýalary) ulgamynda bilimini ýokarlandyrmak ugrundaky tagallalary makullaýar, sebäbi sanly başarnyklary öňe sürmek, bilimi we iş mümkinçiliklerini öňe sürmek aýal-gyzlaryň  ykdysady garaşsyzlygyny durmuşda özbaşdaklygyny gazanmakda esasy rol oýnaýar.

BMGÖM Türkmenistanda

Zenanlaryň bilim almagy we ösmegi üçin gurluş päsgelçiliklerini aýyrmak zenanlaryň garaşsyzlygyny ýokarlandyrmaga we aýal-gyzlara garşy gender esasly zorlugyň öňüni almakda möhüm rol oýnaýar. Beýleki hyzmatdaşlar bilen bilelikde Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasyna (NAPGE) we Aýallar barada kemsitmäniň ähli görnüşlerini ýok etmek hakynda konwensiýa (CEDAW) boýunça tekliplerine laýyklykda, Türkmenistanda gender meselesine jogap bermekde köp taraply çemeleşmäni öňe sürýäris. Gender esasly zorlugyň pidalaryna, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň saglygy goraýyş, psihologiki, durmuş we polisiýa edaralaryny goşmak bilen sosial goldaw berilmegine esaslanýan köp pudaklaýyn jogap ulgamyny güýçlendirmek üçin işleýäris. Bu bilelikdäki tagallalar, Merkezi Aziýada we Owganystandaky jyns we gender esasly zorlugy we zyýanly amallary ýok etmek üçin “Ýagtylyk şöhlesi” başlangyjynyň sebit maksatnamasynyň çäginde amala aşyrylýar. 

Adam hukuklaryny berjaý edilmegine we gender ölçeglerini hasaba alynmagyna esaslanýan çemeleşmeler adamlaryň saglygynynyň gowy derejesini hemmeler üçin üpjün etmek üçin zerurdyr. Durmuşa geçirilýän saglygy goraýyş ugrundaky maksatnamalarynyň çäginde, Türkmenistanda BMGÖM saglygy goraýyş hyzmatlaryna elýeterlilikde gender deňsizligi meselesini çözýär we aýal-gyzlaryň saglygyny gowulandyrmaga aýratyn üns berýär.

Gender deňligi ähli adamlaryň deň hukuklardan we azatlyklardan peýdalanýan, aýal-gyzlaryň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmeginiň ugrundaky ähli hukuk, durmuş we ykdysady päsgelçilikleriň aýrylan jemgyýetini gurmagy göz öňünde tutýan Durnukly ösüş üçin 2030-njy ýyl üçin gün tertibine ýetmek üçin möhümdir. 

BMGÖM Türkmenistanda gender deňligini we zenanlaryň ýagdaýynyň gowulandyrylmagyny, esasy adam hukuklaryny we durnukly parahatçylyga ýetmek üçin zerur şertleri hakykata öwürmegi maksat edinýär. BMGÖM hyzmatdaşlar bilen bilelikde ýaramaz düşünjeleri ýok etmek, kemsitmäni bes etmek, şeýle hem hemmeler üçin hormaty, deň hukuklary we mümkinçilikleri  öňe sürmek üçin ähli tagallalary eder.

BMGÖM Türkmenistanda

Akim Ştaýner BMGÖM-niň Dolandyryjysy

"Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak üçin hereketleriň onýyllygyna geçmek bilen, biz gender deňligini gazanmk üçin köpden bäri dowam edýän ýalňyş garaýyşlarymyzy we düşünjelerimizi ýok etmelidiris. BMGÖM munuň bolmagyny üpjün etmek üçin her gün bütin dünýäde öz işini alyp barýar."