DÖM HEREKETDE
Durnukly ösüş maksatlary näme?
Global maksatlary diýlip hem atlandyrylýan Durnukly ösüş maksatlary (DÖM) BMG tarapyndan garyplygy aradan aýyrmak, planetany goramak we 2030-njy ýyla çenli ähli adamlaryň parahat we abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek üçin hereket etmäge ähliumumy çagyryş hökmünde 2015-nji ýylda kabul edildi.
17 DÖM biri biri bilen utgaşyp gidýär – olar bir ugurda edilýän hereketleriň beýleki ugurlaryň netijelerine täsir edýändigini we ösüş, durmuş-ykdysady we daşky gurşaw taýdan durnuklylygyň deňagramly bolmagyny üpjün etmelidigini ykrar edýärler.
Ýurtlar esasan ünsden düşen admlaryň ösüşini ileri tutmagy özlerine borç edip aldylar. DÖM garyplygy, açlygy, AIDS keselini we aýal-gyzlara garşy diskriminasiýany aradan aýyrmak üçin döredildi.
Döredijilik, “know how” (nähili amala aşyrmalydygyny bilmek) usulyýeti, tehnologiýa we jemgyýetiň maliýe çeşmeleri DÖM-na ýetmek üçin zerurdyr.
Maksat 1
Garyplygy ýok etmek
Garyplygyň ähli görnüşlerini ýok etmek adamzadyň öňünde duran iň uly kynçylyklaryň biri bolup galýar. 1990-njy we 2015-nji ýyllar aralygynda aşa garyplykda ýaşaýan adamlaryň sany ýarymdan gowrak azalsa-da, olaryň köpüsi henizem iň esasy zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin göreş alyp barýarlar.
2015-nji ýyla çenli takmynan 736 million adam gününe 1,90 ABŞ dollaryndan hem az girdeji bilen gününi dolaýardy; köp adamlar azyk önümleriniň, arassa agyz suwunyň ýetmezçiligini başdan geçirýärdiler we olar sanitariýa hyzmatlaryndan mahrumdylar. Hytaý we Hindistan ýaly ýurtlarda ösüşiň batly depgini millionlarça adamlaryň garyplykdan çykmagyna sebäp boldy, ýöne öňegidişlik deň däldi. Aýallaryň, erkeklere garanyňda garyp bolmak ähtimallygy ýokary, sebäbi olar pes girdejili işlerde işleýärler, olaryň bilim derejesi pes we emlägi az.
Ösüş, aşa garyplykda ýaşaýan adamlaryň 80 göterimini düzýän Günorta Aziýa we Saharanyň günortasyndaky Afrika ýaly beýleki sebitlerde-de deň bolmady. Howanyň üýtgemegi, çaknyşyklar we azyk önümleriniň ýetmezçiligi sebäpli ýüze çykan täze howplar adamlary garyplykdan çykarmak üçin has köp işleri amala aşyrmalydygyny aýan etdi.
DÖM, biziň başlan işlerimizi tamamlamak we 2030-njy ýyla çenli garyplygy ähli görnüşlerde we ölçeglerde ýok etmek üçin borjumyzdyr. Bu iň ejiz adamlary nyşana almagy, esasy çeşmeleri we hyzmatlary giňeltmegi, çaknyşyklar we howa bilen baglanyşykly betbagtçylyklardan ejir çeken jemgyýetleri goldamagy öz içine alýar.
736
million
736 million adam henizem aşa garyplykda ýaşaýar.
10
göterim
1990-njy ýylda 36 göterim bilen deňeşdirilende, häzirki wagtda dünýä ilatynyň 10 göterimi aşa garyplykda ýaşaýar.
1.3
milliard
Takmynan 1,3 milliard adam köp ölçegli garyplykda ýaşaýar.
50
göterim
Garyplykda ýaşaýan adamlaryň ýarysy 18 ýaşa ýetmediklerdir.
10-dan
1-i
Her 10 adamyň biri aşa garyplykda ýaşaýar.
Maksatlar
- 2030-njy ýyla çenli milli kesgitlemelere laýyklykda garyplykda ýaşaýan ähli ýaşdaky erkekleriň, aýallaryň we çagalaryň paýynyň pesinden ýarysyny azaltmak;
- Hemmeler üçin milli derejede durmuş taýdan goraglylyk ulgamlaryny we çärelerini ornaşdyrmak we 2030-njy ýyla çenli garyplykda ýaşaýan adamlary we ilatyň ejiz gatlaklaryny ýeterlik derejede üpjün etmek;
- 2030-njy ýyla çenli ähli erkekleriň we aýallaryň, hususan-da, garyp adamlaryň we ejiz adamlaryň ykdysady baýlyklara deň hukukly bolmagyny, şeýle hem olaryň esasy hyzmatlardan peýdalanmaga, ýer we emlägiň beýleki görnüşlerine eýeçilik we gözegçilik etmäge, miras almaga, tebigy baýlyklara, täze tehnologiýalara we maliýe, şol sanda mikromaliýe hyzmatlaryna elýeterliligini üpjün etmek;
- 2030-njy ýyla çenli garyplykda ýaşaýan adamlaryň we ejiz adamlaryň çydamlylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem olaryň howa we beýleki ykdysady, sosial we daşky gurşaw sarsgynlara we betbagtçylyklara duçar bolmak ähtimallygyny azaltmak;
- Hyzmatdaşlygy giňeltmek arkaly ösýän ýurtlar, hususan-da, ösüşi pes bolan ýurtlaryň - garyplygy aradan aýyrmak ugrunda meýilnamalaryny we syýasatlaryny durmuşa geçirmegi üçin serişdeleriň ýeterlik derejede elýeterli bolmagyny üpjün etmek üçin dürli çeşmeleri çekmek;
- Garyplygy ýok etmek maksady bilen edilýän çärelere maýa goýumlaryň tizleşdirilmegini üpjün etmek üçin garyplyk we gender meselelerini göz öňünde tutýan ösüş strategiýalaryna esaslanyp, milli, sebitleýin we halkara derejesinde ygtybarly strategiki mehanizmleri döretmek.
Maksat 2
Açlygy aradan aýyrmak
Soňky iki onýyllykda ykdysady ösüşiň batly depgini we oba hojalygynyň öndürijiliginiň ýokarlanmagy sebäpli açlyga sezewar bolan adamlaryň sany 2 esse diýen ýaly azaldy. Ozal açlyga duçar bolan ýurtlaryň köpüsi indi iýmite bolan zerurlyklaryny kanagatlandyryp bilýärler. Merkezi we Gündogar Aziýa, Latin Amerika we Karib deňzi aşa açlygy aradan aýyrmak ugrunda uly öňegidişlikleri gazandy.
Gynansagam, aşa açlyk we ýeterlik iýmitlenmezlik köp ýurtlaryň ösüşi üçin uly päsgelçilik bolup galýar. Çaklamalara görä, 2017-nji ýyla çenli 821 million adam açlyga sezewar boldy, muňa esasan daşky gurşawyň ýagdaýynyň pese düşmegi, gurakçylyk we biodürlüligiň ýitip gitmegi gönüden-göni sebäp boldy. Bäş ýaşa ýetmedik çagalaryň 90 milliondan gowragynyň beden agramy pes. Ýeterlik derejede iýmitlenmezlik we azyk önümleriniň ýetmezçiligi Afrikanyň ähli sebitlerinde, şeýle hem Günorta Amerikada ýokarlanýar.
DÖM 2030-njy ýyla çenli ähli adamlaryň, esasanam çagalaryň ýeterlik derejede iýmitlenmegini üpjün edip, açlygyň we ýeterlik derejde iýmitlenmezligiň ähli görnüşlerini aradan aýyrmagy maksat edinýär. Munuň özi, durnukly oba hojalygyny ösdürmegi, kiçi daýhanlary goldamagy we ýere, tehnologiýa hem-de bazarlara deň derejede elýeterliligi öz içine alýar. Şeýle hem, oba hojalygynyň öndürijiligini ýokarlandyrmak üçin infrastruktura we tehnologiýa maýa goýumlaryny goýmak üçin halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak zerurdyr.
821
millon
2017-nji ýylda ýeterlik iýmitlenmeýän adamlaryň sany 821 milliona ýetdi.
63
göterim
2017-nji ýylda dünýäde açlyga sezewar bolan adamlaryň üçden iki bölegi, 63 göterimi Aziýada boldy.
22
göterim
2017-nji ýylda bäş ýaşa ýetmedik çagalaryň 151 milliondan gowragy, 22 göterimi, henizem açlykdan ejir çekýärler.
8-den
1-i
8 adamyň 1-inden gowragy semizlikden ejir çekýär.
3-den
1-i
Önümçilik ýaşyna ýeten 3 aýalyň 1-i ganazlyga sezewar boldy.
26
göterim
Oba hojalygynda işçileriň 26 göterimi işleýär.
Maksatlar
- 2030-njy ýyla çenli ýeterlik iýmitlenmezligiň ähli görnüşlerini aradan aýyrmak, şol sanda 2025-nji ýyla çenli 5 ýaşa ýetmedik çagalaryň ösüşiniň pese düşmegi we ysgyndan gaçmagy bilen baglanyşykly halkara derejesinde ylalaşylan maksatlaýyn görkezijileri gazanmak, hem-de ýetginjek ýaşyna ýeten gyzlaryň, göwreli we emdirýän aýallaryň we gartaşan adamlaryň iýmite bolan zerurlyklaryny kanagatlandyrmak.
- Ýerlere, beýleki öndürijilik çeşmelerine we oba hojalyk önümçiliginiň faktorlaryna, bilime, maliýe hyzmatlaryna, şeýle hem bahalara we oba hojalyk pudaklarynda işjeňligi ýokarlandyrmak üçin bazarlara we mümkinçiliklere deň derejede elýeterliligi üpjün etmek arkaly 2030-njy ýyla çenli oba hojalygynyň öndürijiligini we kiçi göwrümli azyk öndürijileriniň, hususan-da aýallaryň, ýerli halklaryň, maşgala daýhanlarynyň, çopanlaryň we balykçylaryň girdejilerini iki esse artdyrmak.
- 2030-njy ýyla çenli azyk önümçiliginiň durnukly ulgamlaryny döretmek we durmuş taýdan çydamlylygy, öndürijiligi ýokarlandyrmaga, ekoulgamlary gorap saklamaga, howanyň şertleriniň üýtgemegine, adatdan daşary howa hadysalaryna, gurakçylyga, suw joşmalaryna we beýleki betbagtçylyklara uýgunlaşmak ukybyny güýçlendirmäge, şeýle hem ýer we topragyň hilini kämilleşdirmäge ýardam edýän durnukly oba hojalygyny ornaşdyrmak.
- Milli, sebitleýin we halkara derejesinde köp görnüşli tohum we ösümlik banklarynyň üsti bilen 2020-nji ýyla çenli tohumlaryň we ösdürilip ýetişdirilen ösümlikleriň, hem-de oba hojalygy we öý haýwanlarynyň we olaryň degişli ýabany görnüşleriniň genetiki dürlüligini saklamak, şeýle hem genetiki çeşmelere we olara degişli ylym-bilime we halkara derejesinde ylalaşylyşy ýaly olary ulanmakdan gelip çykýan peýdalary adalatly we deň derejde bilekde paýlaşmaga bolan elýeterliligi üpjün etmäge goldaw bermek.
- Ösýän ýurtlaryň, hususan-da ösüşi pes bolan ýurtlaryň oba hojalygy ugrunda mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak maksady bilen oba infrastrukturasy, oba hojalygyny öwreniş we bu barada habardarlylygy ýokarlandyrmak, tehnologiýalary ösdürmek we ösümlikleriň, hem-de maldaryň genetiki banklaryny döretmek ýaly ugurlarda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen maýa goýumlary artdyrmak.
- Ösüş meseleleri babatynda Doha gepleşiginiň mandatyna laýyklykda oba hojalygy önümleriniň eksport subsidiýalarynyň ähli görnüşlerini we birmeňzeş täsirleri bolan ähli eksport çärelerini bir wagtda aradan aýyrmak arkaly dünýä bazarlarynda oba hojalygy önümleriniň söwda çäklendirmelerini we muňa degişli nogsanlyklary aradan aýyrmak we öňüni almak.
- Azyk önümler bazarlarynyň we olary gaýtadan işlemegiň netijesinde emele gelýän önümleriň dogry işlemegini üpjün etmek we azyk önümleriniň bahasynyň aşa üýtgemegini çäklendirmek üçin bazar maglumatlaryna, şol sanda azyk ätiýaçlyklaryna öz wagtynda elýeterliligi üpjün etmek üçin çäreleri görmek.
3-nji maksat
Berk jan-saglyk we abadan durmuş
Biz ölümleriň we keselleriň ýüze çykmagynyň esasy sebäplerini aradan aýyrmak ugrunda uly üstünlik gazandyk. Adamlaryň ömrüniň uzynlygy ep-esli ýokarlandy; bäbekleriň we eneleriň ölmek ähtimallygy peseldi, biz AIW-e garşy göreşde üstünlik gazandyk, şeýle-de gyzzyrma sebäpli ölüm hadysalary iki esse azaldy.
Berk jan-saglyk durnukly ösüşiň özenidir we 2030-njy ýyla çenli döwür üiçn Gün tertibi bu iki faktorlaryň çylşyrymlylygyny we arabaglanyşygyny görkezýär. Ol, ýokarlanyp barýan ykdysady we sosial deňsizlikleri, batly depginde ösüp barýan şäherleşme prosesini, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly howplary, AIW we beýleki ýokanç keselleriň dowamatly agyr ýüküni, şeýle hem ýokaşmaýan keseller ýaly ýüze çykýan meseleleri göz öňünde tutýar. Saglygy goraýyş hyzmatlary bilen doly derejede üpjün etmek - DÖM 3-e ýetmek, garyplygy ýok etmek we deňsizligi azaltmak üçin aýrylmaz şertdir. Saglygy goraýyş ulgamynda, DÖM-na gönüden-göni ornaşdyrylmadyk global derejede ileri tutulýan ugurlar, şol sanda mikroblara garşy serişdelere bolan durnuklylyk hem üns berilmegi we çäre görülmegini talap edýär.
Ýöne, dünýäde saglyk bilen baglanyşykly DÖM-na ýetmäge mümkinçilik ýok. Öňegidişlik ýurtlaryň içinde deň bolmaýşy ýaly, ýurtlaryň arasynda hem deň däl. Adamlaryň ömrüniň iň gysga we iň uzyn bolan ýurtlaryň arasynda 31 ýyllyk tapawut bar. Käbir ýurtlaryň üstünlik gazananyna garamazdan, milli derejede ortaça görkezijiler köp adamlaryň ünsden düşüp galandygyny görkezmeýär. Adam hukuklaryna esaslanýan we gender meselelerini göz öňünde tutýan köp pudaklaýyn çemeleşmeler deňsizligi aradan aýyrmak we hemmeleriň sagdyn durmuşda ýaşamagy üçin zerurdyr.
400
million
Iň azyndan 400 million adam üçin esasy saglygy goraýyş hyzmatlary elýeterli däl, 40 göterim üçin bolsa sosial goraglylyk hyzmatlary elýeterli däl.
1.6
milliard
1,6 milliarddan gowrak adam agyr durmuş şertlerinde ýaşaýar, bu ýurtlarda uzak wagtlap dowam edýän çökgünlikler, şeýle hem esasy saglygy goraýyş hyzmatlary bilen üpjün edýän milli mümkinçilikleriň pese düşmegi dünýädäki adamlaryň saglygyny howpa salýar.
15
million
2017-nji ýylyň ahyryna çenli AIW keseli bolan 21,7 million adam wirusa garşy bejergi aldy. Şeýle-de bolsa, häzirki wagtda 15 milliondan gowrak adam bejergi almaga garaşýar.
2
sekunt
Her 2 sekuntda 30-70 ýaş aralygyndaky adam ýokaşmaýan kesellerden - ýürek-damar kesellerinden, dowamly dem alyş ýollarynyň kesellerinden, süýji keselinden ýa-da düwnük keselinden wagtyndan öň aradan çykýar.
7
million
Her ýyl, hapalanan howanyň tozan bölejikleri sebäpli 7 million adam aradan çykýar.
3-den
1-i
Her üç aýalyň birinden köpüsi durmuşynyň belli bir döwründe fiziki ýa-da jynsy taýdan zorlugy başdan geçirdi, bu bolsa onuň fiziki, akyl, şeýle hem reproduktiw saglygyna gysga ýa-da uzak möhletleýin täsirini ýetirdi.
Maksatlar
- 2030-njy ýyla çenli 100,000 diri dogulýan çaganyň sanyna dünýädäki eneleriň ölüm ähtimallygyny 70-den pes bolan derejä getirmek.
- 2030-njy ýyla çenli täze doglan çagalaryň we 5 ýaşa ýetmedik çagalaryň öňüni alyp boljak ölüm howpuny aradan aýyrmak, şol bir wagtyň özünde ähli ýurtlar 1000 diri dogulýan çagalaryň sanyna neonatal ölüm hadysasyny 12-den ýokary bolmadyk derejä ýetmek, hem-de 1000 diri dogulýan çagalaryň sanyna 5 ýaşa ýetmedik çagalaryň ölüm hadysasyny 25-den ýokary bolmadyk derejä ýetmegi maksat edinmeli.
- 2030-njy ýyla çenli äsgerilmedik edilýän AIDS, inçekesel, gyzzyrma we tropiki keselleriň epidemiýasyny ýeňip geçmek we gepatit, suwuň üsti bilen ýokaşýan keseller we beýleki ýokanç kesellere garşy göreşmek.
- 2030-njy ýyla çenli öňüni alyş çärelerini geçirmek, bejergi bermek we akyl saglygyny, hem-de abadançylygy ýokarlandyrmak arkaly ýokanç däl keseller sebäpli wagtyndan öň ölümiň üçden bir bölegini azaltmak.
- Neşekeşligiň öňüni almak we bejermek, şol sanda neşe serişdelerinden we alkogol içgilerinden peýdalanmagyň öňüni almak.
- 2020-nji ýyla çenli dünýäde ýol-ulag hadysalarynda ölýän we ýaralanýan adamlaryň sanyny iki esse azaltmak.
- 2030-njy ýyla çenli jynsy we reproduktiw saglygy goraýyş, maşgalany meýilleşdirmek we habardarlygy ýokarlandyrmak hyzmatlarynyň hemmelere elýeterliligini üpjün etmek, şeýle hem milli strategiýalarda we maksatnamalarda reproduktiw saglygyny goramak ýaly meseleleri göz öňünde tutmak.
- Ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hemmeler üçin elýeterli bolmagyny üpjün etmek, şol sanda maliýe töwekgelçiliklerinden goramak, hemmeler üçin ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlarynyň, şeýle hem ygtybarly, täsirli, ýokary hilli we elýeter bahaly derman serişdeleriniň we sanjymlaryň elýeterli bolmagyny üpjün etmek.
- 2030-njy ýyla çenli howply himiki maddalaryň täsiri, şeýle-de howanyň, suwuň we topragyň hapalanmasy we zäherlenmesi zerarly ölüm we kesel hadysalarynyň sanyny azaltmak.
- Ähli ýurtlarda temmäkä garşy göreşmek boýunça Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň çarçuwaly konwensiýasyny durmuşa geçirmek prosesini tizleşdirmek.
- Ilki bilen ösüp barýan ýurtalara täsirini ýetirýän, ýokanç we ýokanç däl keselleri bejermek maksady bilen sanjymlary we derman serişdelerini öndürmek üçin ylmy -barlag işlerini geçirmek ugrunda goldaw bermek, ilatyň saglygyny goramak we esasanam derman serişdeleriň hemmelere elýeter bolmagyny üpjün etmek üçin intellektual eýeçilik hukugynyň söwda bilen baglanyşykly taraplary baradaky şertnamanyň düzgünnamasynyň ösüp barýan ýurtalar tarapyndan doly derejede ulanmaga hukugyny tassyklaýan, “TRIPS şertnamasy we jemgyýetçiligiň saglygy” baradaky Doha jarnamasyna laýyklykda, gymmat bolmadyk bahaly esasy derman serişdeleriniň we sanjymlaryň elýeterli bolmagyny üpjün etmek.
- Ösýän ýurtlarda, ösüşi pes bolan ýurtlarda we ösýän kiçi ada ýurtlarynda saglygy goraýyş ulgamyna maýa goýumlaryny ýokarlandyrmak, saglyk işgärlerini işe kabul etmek, olary hünär taýdan taýýarlamak we saklamak.
- Ähli ýurtlaryň, hususan-da, ösüp barýan ýurtlaryň irki duýduryş, töwekgelçilikleri azaltmak we saglyga degişli milli hem-de global töwekgelçilikleri dolandyrmak boýunça mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak.
DÖM HEREKETDE
4-nji maksat
Inklýuziw we ýokary hilli bilim
2000-nji ýyldan başlap, başlangyç biliminiň hemmelere elýeterli bolmagyny üpjün etmek maksadyna ýetmek üçin ägirt uly ösüş gazanyldy. Ösüp barýan sebitlerde mekdebe gidýän çagalaryň umumy mukdary 2015-nji ýylda 91 göterime ýetdi we bütin dünýäde mekdebe gitmeýän çagalaryň sany 2 esse diýen ýaly azaldy. Şeýle-de adamlaryň sowatlylyk ukyby ep-esli ýokarlandy we öňki döwürlere garanyňda, gyzlaryň has köpüsi mekdebe gidip başlady. Bularyň hemmesi ajaýyp üstünliklerdir.
Käbir ösýän sebitlerde garyplyk, ýaragly çaknyşyklar we beýleki adatdan daşary ýagdaýlar sebäpli ösüş gazanmak kyn boldy. Günbatar Aziýada we Demirgazyk Afrikada dowam edýän ýaragly çaknyşyklaryň netijesinde mekdebe gitmeýän çagalaryň sany artdy. Bu ýagdaý aladalandyrýar. Ähli ösýän sebitleriň arasynda Saharanyň günortasynda ýerleşýän Afrika ýurtlary başlangyç mekdebe gatnamagyň elýeterli bolmagyny üpjün etmekde uly öňegidişlikleri gazanan hem bolsa, ýagny, 1990 - 2012-nji ýyllar aralygynda 52 göterimden 78 göterime çenli, ösüş henizem deň derejede däl. Garyplykda ýaşaýan maşgalalaryň çagalarynyň, barly maşgalalaryň çagalary bilen deňeşdirilende, mekdebe gitmezlik ähtimallygy dört esse ýokarydyr. Oba we şäher ýerleriniň arasyndaky tapawutlar hem ýokary bolmagynda galýar.
Hemmeler üçin inklýuziw we ýokary hilli bilimiň elýeterli bomagyny üpjün etmek, bilimiň - durnukly ösüş üçin iň zerur serişdeleriniň biridigine bolan ynamy tassyklaýar. Bu maksat, ähli gyzlaryň we oglanlaryň 2030-njy ýyla çenli mugt başlangyç we orta mekdebi tamamlamak mümkinçiligini üpjün edýär. Şeýle hem, ol gymmat bahaly bolmadyk hünär okuwyny hemmeler üçin deň derejede elýeterli etmegi, gender we emläge degişli deňsizligi ýok etmegi we ýokary hilli ýokary bilimiň elýeterli bolmagyny üpjün etmegi maksat edinýär.
91
göterim
Ösýän ýurtlarda başlangyç bilimini alýan çagalaryň sany 91 göterime ýetdi.
57
million
Şeýle-de bolsa, häzirki wagtda dünýäniň ýüzünde mekdebe gitmeýän kiçi ýaşly çagalaryň sany 57 million bolup durýar, olaryň ýarysyndan gowragy Saharanyň günortasyndaky Afrikada ýaşaýar.
4-den
1-i
Ösýän ýurtlarda dört gyzyň biri mekdebe gitmeýär.
50
göterim
Mekdep ýaşyna ýetip, mekdebe gitmeýän çagalaryň 50 göterimi ýaragly çaknyşyklara sezewar bolan sebitlerde ýaşaýarlar.
103
million
Bütin dünýäde 103 million ýaşlar sowatsyz, olaryň 60 göteriminden gowragy zenanlardyr.
10-dan
6-sy
Çagalaryň we ýetginjekleriň 10-dan 6-sy okamak we matematika dersi boýunça sowatlylygy iň pes derejä hem ýetenok.
Maksatlar
- 2030-njy ýyla çenli, ähli gyzlar we oglanlar üçin mugt, deňhukukly we ýokary hilli başlangyç we orta bilimini tamamlamaga mümkinçilik döretmek, bu bolsa okuwda talap edilýän we täsirli netijeleri gazanmaga ýardam eder.
- 2030-njy ýyla çenli ähli gyzlary we oglanlary başlangyç bilimini almaga taýýarlamak üçin olaryň çagalyk döwründe irki ösüşiniň, ideginiň we başlangyç biliminiň elýeterli bolmagyny üpjün etmek.
- 2030-njy ýyla çenli ähli zenanlaryň we erkekleriň elýeterli, ýokary hilli hünär-tehniki, şol sanda ýokary bilimini almaga deň hukukly bolmagyny üpjün etmek.
- 2030-njy ýyla çenli iş üpjünçiligi, işe kabul edilmek we telekeçilik işi bilen meşgullanmak üçin degişli hünär başarnyklaryny ösdürmek, şol sanda tehniki we hünär başarnyklary bolan ýaşlaryň we ulularyň sanyny ep-esli artdyrmak.
- 2030-njy ýyla çenli bilim pudagynda gender deňsizligini aradan aýyrmak, şeýle hem ilatyň ejiz gatlaklary, şol sanda maýyplygy bolan adamlar, hem-de durmuşyň agyr şertlerinde ýaşaýan ýerli halklar we çagalar üçin bilimiň we hünär taýdan taýýarlygynyň deň derejede elýeterli bolmagyny üpjün etmek.
- 2030-njy ýyla çenli ähli ýaşlaryň we ulularyň ep-esli böleginiň - erkekleriň we zenanlaryň sowatly bolmagyny üpjün etmek.
- 2030-njy ýyla çenli, durnukly ösüş we durnukly durmuş ýörelgeleri, adam hukuklary we gender deňligi barada öwrenmek, parahatçylygy we zorlugy aradan aýyrmak, global raýatlygyny öňe sürmek, hem-de medeni dürlüligiň we medeniýetiň durnukly ösüşe goşýan goşandyny ykrar etmek arkaly durnukly ösüşe ýetmek üçin ähli öwrenijileriň zerur bolan bilimleri we endikleri öwrenmegini üpjün etmek.
- Çagalaryň, maýyplygy bolan adamlaryň we gender meselelerini göz öňünde tutýan okuw desgalaryny gurmak we kämilleşdirmek, şeýle hem hemmeler üçin howpsuz, zorlukdan we sosial päsgelçiliklerden azat, hem-de täsirli okuw gurşawyny üpjün etmek.
- 2020-nji ýyla çenli ösýän ýurtlara, esasanam ösüşi pes bolan ýurtlara, ösýän kiçi ada ýurtlaryna we Afrika ýurtlaryna ýokary bilim, şol sanda hünär taýdan tehniki bilim we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny öwrenmek, şeýle hem ösen ýurtlarda we beýleki ösýän ýurtlarda tehniki, inženerçilik we ylmy maksatnamalar boýunça ýokary bilimini almak üçin berilýän talyp haklarynyň sanyny ýokarlandyrmak.
- 2030-njy ýyla çenli ösýän ýurtlarda, esasanam ösüşi pes bolan ýurtlarda we ösýän kiçi ada ýurtlarda mugallymlary taýýarlamak boýunça halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak arkaly ukyply mugallymlaryň sanyny ýokarlandyrmak.
DÖM HEREKETDE
Maksat 5
Gender deňligi
Aýal-gyzlara garşy diskriminasiýanyň ähli görnüşlerini aradan aýyrmak - diňe esasy adam hukuklarynyň biri bolman, eýsem ol durnukly gelejegi gurmak üçin möhümdir; zenanlaryň ykdysady taýdan hukuklaryny öňe sürmek we mümkinçiliklerini giňeltmek, ykdysady taýdan ösüşi ýokarlandyrýandygyny subut edildi.
BMGÖM gender deňligi meselesini öz alyp barýan işinde merkezleşdirdi we soňky 20 ýylda biz ägirt uly üstünlikleri gazandyk. Häzirki wagtda, 15 ýyl mundan ozalky döwür bilen deňeşdirilende, mekdeplerde okaýan gyzlaryň sany artdy we sebitleriň köpüsi başlangyç bilimde gender deňligini gazandy.
Zähmet bazarynda zenanlaryň sany artan hem bolsa, käbir sebitlerde henizem uly deňsizlikler bar, bu ýerlerde erkekler bilen deň derejede işlemäge bolan zenanlaryň hukuklaryny inkär edýärler. Gender zorlugy we ekspluatasiýa, tölenmedik ideg işleriniň we öý işleriniň deň bolmadyk derejede bölünmegi we döwlet edaralarynda diskriminasiýa - bularyň hemmesi uly päsgelçilik bolup galýar. Howanyň üýtgemegi we tebigy betbagtçylyklar, çaknyşyklar we migrasiýa aýallara we çagalara deňsiz-taýsyz täsirini ýetirmäge dowam etdirýär.
Aýal-gyzlaryň, ýere we emläge, jyns we reproduktiw saglygyna, tehnologiýa we internet ulgamyna deň hukukly bolmagyny üpjün etmek möhümdir. Häzirki wagtda döwlet edaralarynda işleýän zenanlaryň sany öňkülerden artdy, ýöne has köp aýal ýolbaşçylary höweslendirmek - gender deňligini gazanmaga ýardam eder.
77
sent
Erkekler bir işi ýerine ýetirip, alýan haky bir dollar bolsa, aýal - gyzlaryň şol bir iş üçin alýan haky bary-ýogy 77 sent.
3-den
1-i
Zenanlaryň 35 göterimi fiziki we/ýa-da jynsy taýdan zorlugy başdan geçirdi.
13
göterim
Ýer eýeçiligine hukugy bolan zenanlaryň paýy dünýä ýüzi boýunça bary-ýogy 13 göterim.
750
million
Häzirki wagtda dünýä ýüzi boýunça gyzlaryň 750 milliony 18 ýaşyna ýetmänkä durmuşa çykdy.
3-den
2-si
Ösýän ýurtlaryň üçden ikisi başlangyç bilimde gender deňligini gazandy.
24
göterim
2018-nji ýylyň noýabr aýyna çenli milli parlamentleriň agzalarynyň diňe 24 göterimi aýallardy, bu bolsa 1995-nji ýylda 11,3 göterimden biraz ýokarydyr.
Maksatlar
- Aýal-gyzlara garşy diskriminasiýanyň ähli görnüşlerini ýok etmek.
- Döwlet we hususy pudaklarda aýal-gyzlara garşy zorlugyň ähli görnüşlerini, şol sanda adam söwdasyny, jynsy taýdan ekspluatasiýany we onuň beýleki görnüşlerini aradan aýyrmak.
- Çaga, irki we mejbury nikalaşmak hem-de zenanlaryň jyns agzalaryny şikeslendirýän operasiýalar ýaly zyýanly amallary ýok etmek.
- Döwlet hyzmatlary, infrastruktura we sosial goraglylyk ulgamlary bilen üpjün etmek, şeýle hem milli şertleri göz öňünde tutmak bilen öý hojalygynda we maşgalada umumy jogapkärçiligi ýokarlandyrmak arkaly tölenmedik ideg we öý işlerini ykrar etmek we baha bermek.
- Syýasy, ykdysady we jemgyýetçilik durmuşynda karar kabul etmek prosesinde zenanlaryň doly we täsirli gatnaşmagyny hem-de olary ýolbaşçy wezipelerinde işlemäge deň mümkinçilikler bilen üpjün etmek.
- Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatynyň Hereketler meýilnamasyna we Pekin Hereketler platformasyna, hem-de olary durmuşa geçirmek prosesini gözden geçirmek üçin guralan maslahatyň netijesinde işlenip düzülen resminamalara laýyklykda jynsy we reproduktiw saglygyny goramak hyzmatlarynyň hemmeler üçin elýeterli bolmagyny üpjün etmek, şeýle hem reproduktiw hukuklaryny berjaý etmek.
- Aýal-gyzlaryň hukuklaryny öňe sürmek we mümkinçiliklerini giňeltmek üçin tehnologiýalary, hususan-da maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalaryny işjeň ulanmak.
- Gender deňligini we aýal-gyzlaryň hukuklaryny öňe sürmek we mümkinçiliklerini giňeltmek üçin dogry syýasatlary we ýerine ýetirilmeli kanunlary kabul etmek we gowulandyrmak.
- Aýal-gyzlaryň ykdysady çeşmelere deň hukukly bolmagyny üpjün emtek, şeýle hem milli kanunlara laýyklykda ýer we emlägiň beýleki görnüşlerine eýeçilik etmek, maliýe hyzmatlarynyň, mirasyň we tebigy baýlyklaryň elýeterli bolmagyny üpjün etmek üçin reformalary geçirmek.
DÖM HEREKETDE
Maksat 6
Arassa suw we sanitariýa
Suw ýetmezçiligi adamlaryň 40 göteriminden gowragyna täsir edýär we çaklamalara görä bu howsalaly ýagdaý howanyň temperaturasynyň ýokarlanmagy bilen ýaramazlaşar. 1990-njy ýyldan bäri 2,1 milliard adamlaryň sanitar-tehniki şertleri gowulanan hem bolsa, agyz suw gorlarynyň azalmagy her bir materikda ýüze çykýar.
Suw ýetmezçiligini başdan geçirýän ýurtlaryň sany artýar, gurakçylygyň we çölleşmegiň ýokarlanmagy bolsa bu ýagdaýlaryň has hem ýaramazlaşmagyna goşant goşýar. Çaklamalara görä, 2050-nji ýyla çenli azyndan dört adamyň biri suw ýetmezçiligine sezewar bolar.
2030-njy ýyla çenli hemmeleri howpsuz we elýeterli agyz suwy bilen üpjün etmek - zerur bolan infrastruktura maýa goýmagy, sanitariýa we arassaçylyk şertleri bilen üpjün etmegi talap edýär. Suw bilen baglanyşykly ekoulgamlary goramak we dikeltmek möhümdir.
Hemme adamlary howpsuz we elýeterli agyz suwy bilen üpjün etmek - esasy hyzmatlara elýeterliligi bolmadyk 800 milliondan gowrak adamy üpjün etmegi we adamlaryň iki milliarddan gowragy üçin hyzmatlaryň elýeterliligini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýar.
2015-nji ýylda 4,5 milliard adam howpsuz sanitariýa hyzmatlaryndan peýdalanyp bilmeýärdiler (ekskrementleri ýeterlik derejede arassalanan), 2,3 milliard adam üçin hatda esasy sanitariýa şertleri hem elýeterli däldi.
5.2
milliard
2015-nji ýylda dünýä ilatynyň 71 göterimi, 5,2 milliard adam howpsuz agyz suwundan peýdalanýardylar, emma häzirki wagtda 844 million adam ýönekeý agyz suwundan hem peýdalanmaýar.
2.9
milliard
2015-nji ýylda dünýä ilatynyň 39 göterimi, 2,9 milliard adam arassa sanitariýa hyzmatlary bilen üpjün edildi, emma 2,3 milliard adamyň henizem sanitariýa hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçiligi ýok. 892 million adam açyk ýerlerde meýdan edýärdiler.
80
göterim
Adamlaryň ulanmagyndan peýda bolýan hapa suwlaryň 80 göterimi arassalanman, derýalara we deňizlere akdyrylýar.
2
milliard
Suw meselesi 2 milliarddan gowrak adama täsir edýär we bu görkezijiniň ýokarlanmagyna garaşylýar.
80
göterim
Ýurtlaryň 80 göterimi suw çeşmelerini toplumlaýyn dolandyrmagyň düýbüni tutdy.
70
göterim
Geçen asyrda bütin dünýäde tebigy batgalyk ýerleriniň 70 göterim ýitgisi çekildi.
Maksatlar
- 2030-njy ýyla çenli hemmeler üçin howpsuz we elýeterli agyz suwunyň deň derejede elýeterli bolmagyny üpjün etmek.
- 2030-njy ýyla çenli hemmeler üçin deň derejede sanitar-arassaçylyk şertleriniň elýeterli bolmagyny üpjün etmek we aýal-gyzlaryň, hem-de agyr ýaşaýyş şertlerinde ýaşaýan adamlaryň zerurlyklaryna aýratyn üns bermek bilen açyk ýerlerde meýdan etmek amalyny ýok etmek.
- 2030-njy ýyla çenli hapalanmany azaltmak, zyňyndylaryň emele gelmegini aradan aýyrmak we howply himiki maddalaryň we materiallaryň zyňyndylaryny azaltmak, arassalanmadyk akar suwlaryň paýyny 2 esse azaltmak we olary gaýtadan işlemek we bütin dünýäde howpsuz ulanmak boýunça alnyp barylýan işleri tizleşdirmek arkaly suwuň hilini ýokarlandyrmak.
- 2030-njy ýyla çenli ähli pudaklarda suwdan peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak we suw ýetmezçiligi meselesiniň çözgüdini tapmak, hem-de suw ýetmezçiliginden ejir çekýän adamlaryň sanyny azaltmak üçin süýji suw bilen üpjün etmek.
- 2030-njy ýyla çenli ähli derejede, suw çeşmeleriniň toplumlaýyn dolandyrylmagyny üpjün etmek, zerur bolan ýagdaýynda bu ugurda serhetara hyzmatdaşlygy ýola goýmak.
- 2020-nji ýyla çenli suw bilen baglanyşykly ekoulgamlary, şol sanda daglary, tokaýlary, batgalyk ýerleri, derýalary, suwlary we kölleri goramak we dikeltmek.
- 2030-njy ýyla çenli ösýän ýurtlara - öz halklaryny suw we sanitariýa hyzmatlary bilen üpjün etmek, şol sanda akar suwlaryny toplamak, suwy süýjetmek, suwdan peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, akar suwlaryny arassalamak we gaýtadan işlemek üçin tehnologiýalary ulanmak, hem-de suwy gaýtadan ulanmak ýaly ugurlarda alyp barýan işlerini we maksatnamalaryny durmuşa geçirmek üçin mümkinçiliklerini artdyrmakda goldaw bermek we halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek.
- Suw hojalygyny we sanitariýa hyzmatlaryny gowulandyrmakda ýerli jemgyýetleriň gatnaşmagyny üpjün etmek.
7-nji maksat
Elýeterli we arassa energiýa
2000-nji we 2018-nji ýyllar aralygynda elektrik togundan peýdalanýan adamlaryň sany 78-den 90 göterime çenli ýokarlandy, elektrik togundan peýdalanmaýan adamlaryň sany bolsa 789 milliona çenli azaldy.
Şeýle-de bolsa, ilatyň ýokarlanmagy bilen arzan energiýa bolan isleg ýokarlanar we gazylyp alynýan ýangyçlara bil baglaýan ykdysadyýet bolsa howa şertlerimizde düýpli üýtgeşmeler döredýär.
2030-njy ýyla çenli DÖM 7 ýetmek üçin gün, ýel we ýylylyk energiýasyna maýa goýmak, energiýadan peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak we hemmeleri energiýa bilen üpjün etmek möhümdir.
Ähli ýurtlarda arassa we has netijeli energiýanyň elýeterli bomagyny üpjün etmek üçin infrastrukturany giňeltmek we tehnologiýany kämilleşdirmek ösüşi tizleşdirer we daşky gurşawy goramaga ýardam eder.
10
göterim
10 adamdan biriniň henizem elektrik togundan peýdalanmak mümkinçiligi ýok we olaryň köpüsi ösýän ýurtlaryň oba ýerlerinde ýaşaýarlar. Olaryň ýarysyndan gowragy Saharanyň günortasyndaky Afrikada ýaşaýarlar.
73
göterim
Energiýa howanyň üýtgemeginiň esasy faktory bolup galýar. Adam tarapyndan döredilen ýyladyşhana gazlarynyň 73 göterimi onuň köp bölegini tutýar.
40
göterim
Energiýa netijeliligi möhümdir; netijeliligi ýokarlandyrmak üçin dogry syýasatlaryň işlenip düzülmegi täze tehnologiýalary ulanmazdan howa babatyndaky maksatlara ýetmek üçin zerur bolan, bütin dünýäde zyňyndylaryň 40 göteriminden gowragyny azaltmaga ýardam edip biler.
2.8
milliard
Dünýä ilatynyň üçden bir bölegi - 2,8 milliard adam nahar bişirmek üçin howany hapalaýan we saglyga zyýanly bolan ýangyçlary ulanýarlar.
17.5
göterim
2017-nji ýyla çenli energiýanyň 17,5 göterimi gaýtadan dikeldilýän çeşmeler arkaly öndürildi.
18
million
Gaýtadan dikeldilýän energiýa pudagy 2019-njy ýylda 11,5 million adamy işe kabul etdi. Pariž ylalaşygynyň temperaturanyň 2 C-den ýokary bolmagyndan saklamak maksadyna ýetmek üçin energiýa önümçiliginde we ony peýdalanmakda zerur bolan üýtgeşmeler 18 million iş orunlaryny döredip biler.
Maksatlar
- 2030-njy ýyla çenli elýeterli, ygtybarly we häzirki zaman energiýa üpjünçilik hyzmatlarynyň hemmelere elýeterli bolmagyny üpjün etmek.
- 2030-njy ýyla çenli global energiýa balansynda gaýtadan dikeldilýän energiýanyň paýyny ýokarlandyrmak.
- 2030-njy ýyla çenli energiýa netijeliligini ýokarlandyrmagyň global görkezijisini iki esse artdyrmak.
- 2030-njy ýyla çenli ekologiki taýdan arassa energiýa boýunça ylmy- barlag işlerini geçirmek we tehnologiýalardan peýdalanmak, şol sanda täzelenip bilýän energiýany elýeterli etmek, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, şeýle hem gazylyp alynýan ýangyjy ulanmagyň öňdebaryjy we has arassa tehnologiýalaryny ulanmak, şeýle hem ekologiki taýdan arassa energiýa üçin energetiki infrastrukturasyna we tehnologiýasyna maýa goýumlaryny ösdürmek üçin halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek.
- 2030-njy ýyla çenli ösýän ýurtlarda, hususan-da, ösüşi pes bolan ýurtlarda, ösüşi pes bolan kiçi ada ýurtlarda we deňize çykyşy bolmadyk ösýän ýurtlarda hemme adamlary öz wagtynda we durnukly ýagdaýda energiýa bilen üpjün etmek üçin bu ýurtlaryň goldaw bermek babatyndaky maksatnamalaryny göz öňünde tutmak bilen infrastrukturany giňeltmek we tehnologiýalary kämilleşdirmek.
8-nji maksat
Mynasyp iş we ykdysady ösüş
Soňky 25 ýylda 2008-nji ýyldaky ykdysady we global çökgünligiň dowamatly täsirlerine garamazdan, aşa garyplykda ýaşaýan işçileriň sany düýpgöter azaldy. Ösýän ýurtlarda ilatyň orta gatlaklary häzirki wagtda iş bilen üpjün edilen adamlaryň 34 göterimden gowrakdyr - bu san 1991-nji we 2015-nji ýyllar aralygynda üç esse köpeldi.
Şeýle-de bolsa, dünýä ykdysadyýetini dikeltmek üçin işler dowam edýärkä, biz ösüşiň haýallaýandygyny, deňsizligiň köpelýändigini we işçi güýjüniň artmagy bilen iş orunlarynyň ýetmezçiligini görýäris. Halkara Zähmet Guramasynyň maglumatlaryna görä, 2015-nji ýylda 204 milliondan gowrak adamyň işi ýokdy. DÖM durnukly ykdysady ösüşe goşant goşýar, öndürijiligi ýokarlandyrýar we tehnologiki innowasiýalary ösdürýär. Telekeçiligi höweslendirmek we iş orunlaryny döretmek, şol sanda mejbury zähmeti, gulçulygy we adam söwdasyny aradan aýyrmak munuň açarydyr. Bu maksatlary göz öňünde tutup, biziň 2030-njy ýyla çenli maksadymyz ähli zenanlary we erkekleri doly, öndürijilikli we mynasyp iş bilen üpjün etmekdir.
5
göterim
Maglumatlara görä, 2018-nji ýylda dünýäde 172 million adam işsiz galdy – işsizlik derejesi bolsa 5 göterime ýetdi.
1
million
Işçi güýjüniň artmagynyň netijesinde, işsiz adamlaryň sanynyň her ýyl 1 million artmagyna we 2020-nji ýyla çenli 174 milliona ýetmegine garaşylýar.
700
million
2018-nji ýylda takmynan 700 million işçi aşa ýa-da orta garyplykda ýaşaýardy we her gününi 3,20 ABŞ dollaryndan hem az girdeji bilen dolaýardylar.
48
göterim
2018-nji ýylda aýallaryň işçi güýjüne gatnaşmagy erkekleriň 75 göterimi bilen deňeşdirilende 48 göterimdi. 2018-nji ýylda işçi güýjüniň 3,5 milliardynyň 5-den 3-si erkeklerdi.
2
milliard
Umuman alanyňda, 2016-njy ýylda 2 milliard işçi resmi bolmadyk işde işleýärdi, bu bolsa dünýädäki işçi güýjüniň 61 göterimini öz içine alýardy.
85
million
Işçi güýjünde erkeklere garanyňda, zenanlar köp işledilmeýär - 55 million bilen deňeşdirilende 85 million.
Maksatlar
- Milli şertlere laýyklykda, adam başyna düşýän ykdysady ösüşi, esasanam ösüşi pes bolan ýurtlarda jemi içerki önümiň ösüş derejesini ýylda azyndan 7 göterimde saklamaly.
- Diwersifikasiýa, tehnologiki kämilleşdiriş we innowasiýa, şol sanda ýokary bahaly we zähmeti köp talap edýän pudaklara ünsi jemlemek arkaly has ýokary ykdysady öndürijiligi saklamak.
- Önümçilikli çäreleri geçirmäge, mynasyp iş orunlaryny döretmäge, telekeçiligi, döredijiligi we innowasion işleri ýola goýmaga ýardam edýän ösüşe gönükdirilen syýasatlary höweslendirmek, şeýle hem olara maliýe hyzmatlaryny elýeterli etmek arkaly mikro, kiçi we orta kärhanalaryň resmileşdirilmegini we ösmegini höweslendirmek.
- Durnukly sarp ediş we önümçilik babatynda 10 ýyllyk meýilnamasyna laýyklykda ykdysady ösüş daşky gurşawyň zaýalanmagyna sebäp bolmaz ýaly 2030-njy ýyla çenli sarp ediş we önümçilik ulgamlarynda çeşmelerden peýdalanmagyň global derejede netijeliligini kem-kemden ýokarlandyrmak, bu işleri ilki bilen ösen ýurtlar amala aşyrmalydyr.
- 2030-njy ýyla çenli ähli zenanlary we erkekleri, şol sanda ýaşlary we maýyplygy bolan adamlary doly, öndürijilikli we mynasyp iş orunlary, şeýle hem deň zähmet haklary bilen üpjün etmek.
- 2020-nji ýyla çenli işi, bilimi ýa-da bilim derejesi bolmadyk ýaşlaryň paýyny ep-esli azaltmak.
- Mejbury zähmeti, häzirki zaman gulçulygy we adam söwdasyny aradan aýyrmak, şeýle hem çaga zähmetiniň iň erbet görnüşlerini gadagan etmek, şol sanda olary işçi hökmünde tutmak we esger hökmünde ulanmak ýaly ugurlarda dessin we täsirli çäreleri görmek we 2025-nji ýyla çenli çaga zähmetiniň ähli görnüşlerini aradan aýyrmak.
- Ähli işçileriň, şol sanda zähmet çekýän migrantlaryň, esasan zenan migrantlaryň we howply işde işleýän adamlaryň zähmet hukuklaryny goramak we olary howpsuz iş gurşawy bilen üpjün etmek.
- 2030-njy ýyla çenli, iş orunlaryny döredýän, ýerli medeniýeti ösdürýän we önümleri ýokarlandyrýan durnukly syýahatçylygy ösdürmek üçin meýilnamalary işläp düzmek we durmuşa geçirmek.
- Içerki maliýe edaralarynyň hemmelerini bank, ätiýaçlandyryş we maliýe hyzmatlary bilen üpjün etmek üçin mümkinçilikleri ýokarlandyrmak.
- Ösüşi pes bolan ýurtlara söwda ugrunda tehniki goldawyny bermek üçin giňişleýin toplumlaýyn çarçuwaly maksatnama arkaly “Söwda ulgamynda goldaw” atly başlangyjyň çäginde ösýän ýurtlara, hususan-da, ösüşi pes bolan ýurtlara berilýän goldawy ýokarlandyrmak.
- 2020-nji ýyla çenli, ýaşlary iş bilen üpjün etmek üçin global strategiýany işläp düzmek we Halkara Zähmet Guramasynyň Iş orunlar babatyndaky Global şertnamasyny durmuşa geçirmek.
9-njy maksat
Senagatlaşdyrma, innowasiýalar we infrastruktura
Infrastruktura we innowasiýa maýa goýumlaryny goýmak - ykdysady ösüşiň we öňegidişligiň esasydyr. Häzirki wagtda dünýä ilatynyň ýarysyndan gowragy şäherlerde ýaşaýar, şeýlelik bilen köpçülikleýin ulag we gaýtadan dikeldilýän energiýa, senagatyň täze pudaklarynyň we maglumat, hem-de aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösmeginiň möhüm bolşy ýaly möhümdir.
Tehnologiki ösüş, täze iş orunlaryny döretmek we energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak ýaly ykdysady we daşky gurşaw meseleleriniň durnukly çözgütlerini tapmagyň açarydyr. Durnukly pudaklary ösdürmek we ylmy barlag işlerine we innowasiýalara maýa goýmak - bularyň hemmesi durnukly ösüşi gazanmak üçin möhüm ugulardyr.
4 milliarddan gowrak adama henizem internet ulgamy elýeterli däl we olaryň 90 göterimi ösýän ýurtlarda ýaşaýan adamlardyr. Bu, sanly deňsizligi ýeňip geçmek, maglumatlara we bilime deň derejede elýeterliligi üpjün etmek, şeýle hem innowasiýa we telekeçiligi ösdürmek üçin möhümdir.
2.3
milliard
Bütin dünýäde 2,3 milliard adamyň esasy sanitariýa şertlerinden peýdalanmaga mümkinçiligi ýok.
40
göterim
Afrika döwletleriniň köpüsinde infrastruktura degişli çäklendirmeler kärhanalaryň öndürijiliginiň 40 göterim töweregi azalmagyna sebäp bolýar.
2.6
milliard
Ösýän ýurtlarda 2,6 milliard adama elektrik togy elýeterli däl.
90
göterim
4 milliarddan gowrak adamyň henizem internet ulgamyndan peýdalanmaga mümkinçiligi ýok; olaryň 90 göterimi ösýän ýurtlarda ýaşaýan adamlardyr.
2.3
million
Häzirki wagtda täzelenip bilýän energiýa pudaklarynda 2,3 milliondan gowrak adam işleýär; 2030-njy ýyla çenli bu san 20 milliona ýetmegi ähtimal.
30
göterim
Ýokary girdejili ýurtlaryň 98 göterimi bilen deňeşdirilende, ösýän ýurtlarda oba hojalyk önümleriniň 30 göterimi gaýtadan işlenilýär.
Maksatlar
- Ykdysady ösüşiň we abadançylygyň hemmeler üçin elýeterli we adalatly bolmagyny üpjün etmek üçin ýokary hilli, ygtybarly we durnukly infrastrukturany, şol sanda sebitleýin we serhetaşa infrastrukturany ösdürmek;
- Senagatlaşmagyň inklýuziw we durnukly bolmagyny üpjün etmek we 2030-njy ýyla çenli milli şertlere laýyklykda senagat pudagynda iş üpjünçiligini ýokarlandyrmak we jemi içerki önümde önümçiligiň paýyny artdyrmak, şeýle hem ösüşi pes bolan ýurtlarda degişli görkezijileri iki esse artdyrmak.
- Kiçi senagat we beýleki kärhanalar üçin, hususan-da, ösýän ýurtlarda, maliýe hyzmatlaryň, şol sanda gymmat bolmadyk kreditleriň elýeterli bolmagyny üpjün etmek we olaryň söwda önümçilik zynjyrlaryna we bazarlaryna ornaşdyrylmagyny üpjün etmek;
- 2030-njy ýyla çenli, ähli döwletleriň öz mümkinçiliklerine laýyklykda gatnaşmagy arkaly, serişdeleri ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak we arassa, hem-de ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary we önümçilik proseslerini has köp ulanmak bilen infrastrukturany döwrebaplaşdyrmak we senagy kärhanalary gaýtadan enjamlaşdyrmak, şeýle hem olaryň durnukly bolmagyny üpjün etmek;
- 2030-njy ýyla çenli, innowasiýalary höweslendirmek, ylmy-barlag we ösüş ugrunda işleýän işgärleriň sanyny 1 milliona çenli ýokarlandyrmak, şeýle hem döwlet edaralary we hususy kärhanalar tarapyndan geçirilýän ylmy-barlag işleri üçin çykdajylary höweslendirmek arkaly ylmy – barlag işlerini geçirmek, hemme ýurtlarda, esasan, ösýän ýurtlarda senagy pudaklaryň tehnologiki mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak;
- Afrika ýurtlaryna, ösüşi pes bolan ýurtlara, ösýän ýurtlara, deňize çykyşy bolmadyk ösýän ýurtlara we ösýän kiçi ada ýurtlaryna maliýe, tehnologiki we tehniki goldawyny bermek arkaly ösýän ýurtlarda ykdysady taýdan durnukly infrastrukturany ösdürmek ugrunda goldaw bermek;
- Senagy diwersifikasiýa, hem-de çig mal pudaklarynda harytlaryň bahasyna gymmatlyk goşmak üçin amatly syýasy gurşawyny döretmek arkaly ösýän ýurtlarda içerki tehnologiýalar babatynda ylmy-barlag işlerini geçirmek we innowasiýalary oýlap tapmakda goldaw bermek;
- Maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalaryna elýeterliligi ýokarlandyrmak we 2020-nji ýyla çenli ösüşi pes bolan ýurtlarda ähli adamlaryň amatly bahaly internet ulgamyndan peýdalanmaga elýeterliligini üpjün etmäge çalyşmak.
DÖM HEREKETDE
10-njy maksat
Deňsizligi azaltmak
Girdejileriň deňsizligi ýokarlanýar - iň barjamly adamlaryň 10 göterimi dünýäde gazanylýan girdejiniň 40 göterimine eýedir, garyplykda ýaşaýan adamlaryň 10 göterimi bolsa girdejini 2-7 göterim aralygynda gazanýar. Ösýän ýurtlarda ilatyň ýokarlanmagynyň deňsizligini göz öňünde tutanymyzda, deňsizlik 11 göterim ýokarlandy.
Soňky onýyllyklarda girdejiniň deňsizligi hemme ýerde diýen ýaly ýokarlandy, ýöne dürli tizlikde. Onuň tizliginiň iň pes bolan ýeri Ýewropa we Ýakyn Gündogardyr.
Bu ýokarlanyp barýan deňsizlik, pes girdeji gazanýan adamlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek we adamlaryň jynsyna, tire-taýpasyna ýa-da milletine garamazdan ykdysady taýdan goşulmagyny öňe sürmek üçin netijeli syýasatlary talap edýär.
Girdejileriň deňsizligi global derejede çözgütleriň tapylmagyny talap edýär. Bu, maliýe bazarlarynyň we edaralarynyň kadalaşdyrylyşyny we gözegçiligini gowulandyrmagy, ösüş üçin goldaw bermegi we iň zerur bolan sebitler üçin göni daşary ýurt maýa goýumlaryny goýmagy öz içine alýar. Adamlaryň howpsuz göçüş etmegine goldaw bermek, barha ýokarlanýan deňsizligi ýeňip geçmegiň açarydyr.
22
göterim
2016-njy ýylda, ilatyň iň pes girdeji gazanýan gatlaklarynyň 50 göterimi 10 göterim girdeji gazanýan bolsa, iň barjamly adamlaryň 1 göterimi global girdejiniň 22 göterimini alýardy.
16
göterim
1980-nji ýylda iň barjamly adamlaryň 1 göterimi dünýä girdejisiniň 16 göterimine eýe boldy. Garyplykda ýaşaýan adamlaryň 50 göterimi girdejiniň 8 göterimini alýardy.
33
göterim
Ykdysady deňsizlik, esasan, kapitala deň bolmadyk derejede eýeçilik etmek bilen baglanyşyklydyr. 1980-nji ýyldan başlap, ähli ýurtlarda diýen ýaly döwlet kapitalynyň hususylaşdyrylmagy bolup geçdi. 2016-njy ýylda barjamly adamlaryň baýlygynyň dünýädäki paýy 1 göterimden 33 göterim ýokarlandy.
39
göterim
2050-nji ýyla çenli "Adaty işewürlikde" dünýädäki barjamly adamlaryň sany 1 göterimden 39 göterime ýeter.
2
gezek
Zenanlar, erkekler bilen deňeşdirilende, tölenmedik ideg işlerine ortaça iki esse köp wagt sarp edýärler.
60
göterim
Baha beriýän ýurtlaryň diňe 60 göteriminde zenanlara maliýe hyzmatlary erkeklere elýeterli bolşy ýaly elýeterlidir we ýurtlaryň diňe 42 göteriminde zenanlaryň ýere eýeçilik etmäge mümkiniçilikleri bar.
Maksatlar
- 2030-njy ýyla çenli ilatyň iň pes girdeji gazanýan adamlarynyň, ýagny, 40 göteriminiň ösüşini, milli ortaça görkezijiden has ýokary bolan derejä ýetirmek we bu ösüşiň dowamatly bolmagyny üpjün etmek;
- 2030-njy ýyla çenli, adamlaryň ýaşyna, jynsyna, maýyplygyna, tire-taýpasyna, milletine, gelip çykyşyna, dinine ýa-da ykdysady we başga ýagdaýyna garamazdan, olaryň hemmesiniň jemgyýetçilik, ykdysady we syýasy taýdan goşulmagyny üpjün etmek we öňe sürmek;
- Diskriminasion kanunlaryny, syýasatlaryny we amallaryny aradan aýyrmak we bu ugurda degişli kanunlary, syýasatlary we çäreleri öňe sürmek arkaly mümkinçilikleriň hemmeler üçin deň bolmagyny üpjün etmek we netijeleriň deňsizligini azaltmak;
- Degişli syýasatlary, esasanam bjudjet - salgyt syýasatyny, hem-de zähmet haky we sosial taýdan goraglylyk ýaly meselelerde syýasatlary kabul etmek we kem-kemden deňligi gazanmak;
- Global maliýe bazarlarynyň we edaralarynyň kadalaşdyryş we gözegçilik usullaryny kämilleşdirmek we şeýle usullaryň yzygiderli ulanylmagyny üpjün etmek;
- Global halkara ykdysady we maliýe guramalarynyň has täsirli, ygtybarly, jogapkärçilikli we kanuny bolmagyny üpjün etmek üçin bu guramalarda geçirilýän karar bermek proseslerinde ösýän ýurtlaryň wekil bolup çykyş etmegini we ses bermegini üpjün etmek;
- Meýilleşdirilen we netijeli işlenip düzülen migrasiýa syýasatlaryny durmuşa geçirmek arkaly adamlaryň tertipli, howpsuz, jogapkärli göçmegine we hereket etmegine godaw bermek;
- Bütindünýä Söwda Guramasynyň şertnamalaryna laýyklykda ösýän ýurtlar, esasanam, ösüşi pes bolan ýurtlar üçin aýratyn we ýöriteleşdirilen çemeleşmeleri durmuşa geçirmek;
- Mätäçlik çekýän döwletlere, esasanam ösüşi pes bolan döwletlere, Afrika döwletlerine, ösýän kiçi ada döwletlerine we deňize çykyşy bolmadyk ösýän döwletlere, özleriniň milli meýilnamalaryna we maksatnamalaryna laýyklykda, bu döwletleriň ösüşi we maliýeleşdirilmegi, şol sanda göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek maksady bilen resmi goldawyň berilmegini üpjün etmek;
- 2030-njy ýyla çenli, migrantlar tarapyndan pul iberiş amallarynyň çykdajylaryny 3 göterimden hem azaltmak we çykdajylary 5 göterimden ýokary bolan pul geçiriş ugurlaryny aradan aýyrmak.
DÖM HEREKETDE
11-nji maksat
Durnukly şäherler we ilaty ýerler
Biziň ýarymyzdan gowragy şäherlerde ýaşaýar. 2050-nji ýyla çenli adamzadyň üçden iki bölegi - 6,5 milliard adam şäherde ýaşar. Gurmak usullaryny düýpgöter üýtgetmezden we şäher giňişligini dolandyrmazdan, durnukly ösüşi gazanmak mümkin däl.
Şäherleriň batly depginde ösmegi - ilatyň we göçüşleriň ýokarlanmagynyň netijesidir we bu ýagdaý esasanam ösýän ýurtlarda megapolisleriň ösmegine sebäp boldy, şeýle-de harabalyklar şäher durmuşynyň möhüm bir aýratynlygyna öwrülýär.
Şäherleriň durnukly bolmagyny üpjün etmek - karýera we işewürlik mümkinçiliklerini, ygtybarly we amatly ýaşaýyş jaýlaryny döretmegi, durnukly jemgyýetleri we ykdysadyýetleri gurmagy aňladýar. Munuň özi jemgyýetçilik ulag serişdelerine maýa goýumlaryny goýmagy, köpçülikleýin gök zolaklaryny döretmegi, şäher meýilnamalaşdyryş işlerini gowulandyrmagy, şeýle hem gatnaşmak we inklýuziýa esasynda dolandyryşy öz içine alýar.
4.2
milliard
2018-nji ýylda, şäherlerde dünýä ilatynyň 55 göterimi - 4,2 milliard adam ýaşaýardy. 2050-nji ýyla çenli şäher ilatynyň 6,5 milliard töweregi ýokarlanmagyna garaşylýar.
3
göterim
Şäherler gury ýerleriň bary-ýogy 3 göterimini tutýar, ýöne olaryň energiýa sarp edişi 60-80 göterim we uglerod zyňyndylary azyndan 70 göterimdir.
828
million
Maglumatlara görä, 828 million adam harabalykda ýaşaýar we olaryň sany artýar.
33
şäherler
1990-njy ýylda, 10 million ýa-da ondan köp adam ýaşaýan 10 sany şäherler bardy; 2014-nji ýylda megapolisleriň sany 28-e ýetdi we 2018-nji ýyla çenli 33-e ýetmegine garaşylýardy. Geljekde, 10 megapolisleriň 9-sy ösýän ýurtlarda bolar.
90
göterim
Öňümizdäki onýyllyklarda şäherleriň ösmeginiň 90 göterimi ösýän ýurtlarda bolar.
80
göterim
Şäherleriň ykdysady taýdan orny möhümdir. Olar global jemi içerki önümiň takmynan 80 göterimini öndürýärler.
Maksatlar
- 2030-njy ýyla çenli hemme adamlaryň ýeterlik, howpsuz we elýeterli ýaşaýyş jaýlaryna we esasy hyzmatlara elýeterliligini üpjün etmek we harabalyklarda ýaşaýan adamlaryň ýagdaýyny gowulaşdyrmak;
- 2030-njy ýyla çenli, ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýokarlandyrmagyň esasynda, hususan-da, agyr ýagdaýda ýaşaýan adamalaryň, aýallaryň, çagalaryň, maýyplygy bolan adamlaryň we gartaşan adamlaryň mätäçliklerine aýratyn üns berip, jemgyýetçilik ulaglaryndan peýdalanmak mümkinçiligini giňeltmek arkaly, hemmeler üçin howpsuz, elýeterli, ekologiki taýdan durnukly ulag ulgamlarynyň elýeterli bolmagyny üpjün etmek;
- 2030-njy ýyla çenli ilaty ýerleri toplumlaýyn we durnukly meýilleşdirmek, şeýle hem ähli ýurtlarda giňden gatnaşmak esasynda olary dolandyrmak üçin hemmeler üçin açyk we ekologiki taýdan durnukly şäherleşme gerimini giňeltmek;
- Dünýäniň medeni we tebigy mirasyny goramak ugrunda edilýän tagallalary güýçlendirmek;
- 2030-njy ýyla çenli aradan çykýan we ejir çekýän adamlaryň sanyny azaltmak, şeýle hem garyplykda ýaşaýan adamlary we ilatyň ejiz gatlaklaryny goramaga aýratyn üns bermek bilen, betbagtçylyklaryň, şol sanda suw bilen baglanyşykly betbagtçylyklaryň netijesinde ýüze çykýan global jemi içerki önümiň ýetmezçiligi ýaly ykdysady ýitgileri azaltmak;
- 2030-njy ýyla çenli howanyň hiline, hem-de şäher we beýleki galyndylary ýok etmeklige aýratyn üns bermek bilen şäherleriň adam başyna daşky gurşawa ýetirýän ýaramaz täsirini azaltmak;
- 2030-njy ýyla çenli, esasanam, aýallar we çagalar, gartaşan adamlar we maýyplygy bolan adamlar üçin howpsuz, elýeterli we hemmeler üçin açyk gök zolaklaryň elýeterli bolmagyny üpjün etmek;
- Ösüş ugrunda milli we sebitleýin meýilnamalaşdyryş işleriniň hilini ýokarlandyrmak arkaly şäher, şäherara we oba ýerleriniň arasynda oňyn ykdysady, jemgyýetçilik we daşky gurşaw gatnaşyklaryny goldamak;
- 2020-nji ýyla çenli sosial päsgelçilikleri aradan aýyrmaga, serişdeleri ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmaga we uýgunlaşmaga, şeýle hem tebigy betbagtçylyklara garşy göreşmek we 2015-2030-njy ýyllar üçin tebigy betbagtçylyklary azaltmak boýunça Sendaý çarçuwaly maksatnamasyna laýyklykda ähli derejede betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini dolandyrmak üçin toplumlaýyn çäreleri işläp düzmek we durmuşa geçirmek ýaly ugurlara gönükdirilen toplumlaýyn syýasatlary we meýilnamalary kabul eden we durmuşa geçirýän şäherleriň we ilatly ýerleriň sanyny ýokarlandyrmak;
- Ösüşi pes bolan ýurtlara, maliýe we tehniki goldawyny bermek, ýerli materiallardan peýdalanyp, durnukly we çydamly binalary gurmak arkaly goldaw bermek.
Maksat 12
Jogapkärçilikli sarp ediş we önümçilik
Ykdysady ösüşi we durnukly ösüşi gazanmak - biziň harytlary we çeşmeleri öndürmek we sarp etmek etmek üçin ulanýan usullarymyzy üýtgetmegimiz bilen birlikde dessin ýagdaýda daşky gurşawa ýetirýän täsirimizi azaltmagymyzy talap edýär. Oba hojalygy dünýäde suwy iň köp sarp edýän pudakdyr we häzirki wagtda ol suwaryş üçin adamzadyň ulanýan süýji suwunyň 70-e golaý göterimini talap edýär.
Umumy tebigy baýlyklarymyzy netijeli dolandyrmak we zäherli galyndylary we hapalaýjy maddalary aradan aýyrmak üçin biziň ulanýan usullarymyz bu maksada ýetmek üçin zerurdyr. Senagatlary, kärhanalary we sarp edijileri - galyndylary gaýtadan işlemäge we azaltmaga höweslendirmek, ösýän ýurtlaryň 2030-njy ýyla çenli has durnukly sarp ediş usullaryna geçmegine goldaw bermek ýaly möhümdir.
Dünýä ilatynyň köp bölegi hatda esasy zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin azyk önümlerini häzir hem örän az sarp edýär. Bölekleýin satyjylar we sarp edijiler derejesinde, adam başyna düşýän global azyk galyndylaryny azaltmak - has netijeli önümçilik we üpjünçilik zynjyrlaryny döretmek üçin möhümdir. Bu azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam edip, bizi çeşmelerden netijeli peýdalanyp bolýan ykdysadyýeti döretmäge goldaw edip biler.
1.3
milliard
Her ýyl 1,3 milliard tonna azyk önümleri ýuwunda dökülýär, 2 milliard töweregi adam bolsa açlykdan ejir çekýär ýa-da ýeterlik derejede iýmitlenmeýär.
22
göterim
Azyk önümler pudagy ýyladyşhana gazlarynyň umumy zyňyndylarynyň 22 göteriminiň emele gelmegine sebäp bolýar, munuň sebäbi esasan tokaý ýerleriniň ekerançylyk ýerlerine öwrülmegidir.
2
milliard
Bütin dünýäde 2 milliard adam aşa semizlikden ejir çekýär.
3
göterim
Dünýädäki suw gorlarynyň diňe 3 göterimi süýji (içip bolýan) suwdyr we adamlar ony, tebigatyň gaýtadan işläp, bu suwlaryň öwezini doldurmanka ulanýarlar.
ABŞ-nyň 120 milliard
dollary
Eger-de hemme adamlar energiýa tygşytlaýjy çyralardan peýdalansalar, onda bütin dünýäde ýylda 120 milliard dollar tygşytlap bolar.
20
göterim
2013-nji ýylda dünýäde soňky gezek sarp edilen energiýanyň bäşden bir bölegi täzelenýän çeşmelerden emele geldi.
Maksatlar
- Ähli ýurtlaryň gatnaşmagyny üpjün edip, sarp etmegiň we önümçiligiň durnukly usullaryndan peýdalanmak üçin Hereketler babatynda Onýyllyk meýilnamany durmuşa geçirmek, munuň durmuşa geçirilmegine ilkinji bolup ösen ýurtlar, ösýän ýurtlaryň ösüşini we ukyplaryny göz öňünde tutup ýolbaşçylyk etmeli;
- 2030-njy ýyla çenli tebigy baýlyklaryň durnukly dolandyrylmagyny we netijeli peýdalanylmagyny üpjün etmek;
- 2030-njy ýyla çenli adam başyna düşýän global azyk önümleriniň galyndylaryny bölekleýin we sarp ediş derejesinde iki esse azaltmak we önümçilik, hem-de üpjünçilik zynjyrlary boýunça azyk önümleriniň ýitgilerini, şol sanda hasyldan soňky ýitgileri azaltmak;
- 2020-nji ýyla çenli ylalaşylan halkara ýörelgelere laýyklykda himiki maddalaryň we ähli galyndylaryň ekologiýa taýdan arassa dolandyrylyşyny gazanmak we olaryň adam saglygyna, hem-de daşky gurşawa ýetirýän ýaramaz täsirlerini azaltmak üçin olaryň howa, suw we topraga goýberilmegine päsgelçilik döretmek;
- 2030-njy ýyla çenli galyndylary azaltmak, olaryň öňüni almak, gaýtadan işlemek we gaýtadan ulanmak;
- Kompaniýalara, esasanam iri we transmilli kompaniýalara önümçiligiň durnukly usullaryny ulanmagy maslahat bermek we hasabatlarda çeşmelerden durnukly peýdalanmak baradaky maglumatlary belläp geçmek;
- Milli syýasatlara we ileri tutulýan ugurlara laýyklykda döwletiň satyn alyş amallarynyň durnukly tejribeler arakly durmuşa geçirilemegini üpjün etmek;
- 2030-njy ýyla çenli hemme adamlaryň durnukly ösüş barada we tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak barada habardar bolmagyny üpjün etmek;
- Ösýän ýurtlara, sarp edişiň we önümçiligiň durnukly usullaryny ulanmak babatynda ylmy we tehniki mümkinçiliklerini kämilleşdirmekde goldaw bermek;
- Iş orunlaryny döredýän we ýerli medeniýeti we önümleri ösdürýän durnukly syýahatçylyk arkaly durnukly ösüşe täsirini ýetirýän gözegçilik gurallaryny işläp düzmek we durmuşa geçirmek;
- Milli ýagdaýlara laýyklykda, bazarlarda deňsizlikleri aradan aýyrmak, şol sanda salgyt salmak işlerini üýtgetmek we zyýanly subsidiýalaryň bar bolan ýerlerinde, olaryň daşky gurşawa edýän täsirlerini görkezmek üçin, olardan kem-kemden inkär edip, ösýän ýurtlaryň aýratyn zerurlyklaryna we şertlerine üns berip, mätäçlik çekýän adamlary hem-de ilatyň ejiz gatlaklaryny goramak maksady bilen olaryň ösüşine ýetýän ýaramaz täsirleri azaltmak arkaly gazylyp alynýan ýangyçlaryň biderek ýere sarp edilmegine sebäp bolýan, gazylyp alynýan ýangyjyň netijesiz subsidiýalaryny rasionallaşdyrmak.
13-nji maksat
Howanyň üýtgemegine garşy göreş
Howanyň üýtgemeginiň täsirlerine sezewar bolmadyk ýurt ýok. 1990-njy ýyl bilen deňeşdirilende, ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylary 50 göterimden gowrak ýokarlandy. Global ýylylyk howa ulgamynda uzak wagtlap dowam edýän üýtgeşmelere sebäp boldy, eger-de biz hereket etmesek, bu ýagdaý düzedip bolmajak netijelere getirer.
Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tebigy betbagtçylyklar sebäpli ykdysady pudagyň ortaça çekýän ýyllyk ýitgileri ýüzlerçe milliard dollara barabar boldy. Bu ýagdaý, howa bilen baglanyşykly geo-fiziki betbagtçylyklaryň 91 göteriminiň adam tarapyndan ýetirilýän täsirler zerarly bolýandygy barada aýtmanymyzda, şeýle bolup galýar we 1998-nji we 2017-nji ýyllar aralygynda 1,3 million adamyň aradan çykmagyna we 4,4 milliard adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy. Biziň maksadymyz, ösýän ýurtlaryň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagy we pes uglerodly ösüşe maýa goýmak isleglerini kanagatlandyrmak üçin 2020-nji ýyla çenli her ýylda 100 milliard ABŞ dollaryny toplamak.
Agyr durmuş şertlerinde ýaşaýan sebitleri goldamak diňe bir 13-nji maksada däl, eýsem beýleki DÖM-na ýetmek üçin gönüden-göni goşant goşar. Bu hereketler, şeýle hem betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak we tebigy baýlyklary durnukly dolandyrmak üçin çäreleri, şeýle hem adam howpsuzlygyny milli ösüş strategiýalaryna ornaşdyrmak boýunça tagallalar bilen utgaşmalydyr. Güýçli syýasy ygtyýaryň bolandygynda, maýa goýumlaryny köpeltmek we bar bolan tehnologiýalary ulanmak bilen, global derejede ortaça temperaturanyň ýokarlanmagyny, senagatdan öňki döwrüň derejesi bilen deňeşdirilende, 1,5 °C ýetirmek üçin iki gradusa çenli çäklendirip bolar, ýöne bu gyssagly we uly göwrümli köpçülikleýin çäreleri talap edýär.
+1°
° C
2017-nji ýyla çenli adamlar global ýylylygyň, senagatdan öňki döwrüň derejesinden takmynan 1,0 °C ýokarlanmagyna sebäp bolandygy çak edilýär.
+20
sm
Deňiziň derejesi 1880-nji ýyldan bäri takmynan 20 sm (8 dýuým) ýokarlandy we 2100-nji ýyla çenli ýene 30–122 sm (1-den 4 fut) ýokarlanar.
2050-nji ýyl
Ýylylygy 1.5 °C saklamak üçin 2010-njy ýyldan 2030-njy ýyla çenli global CO2 zyňyndylary 45% azalmaly we 2050-nji ýyla çenli zyňyndylaryň nol derejesine ýetmeli.
1/3
Pariž şertnamasyna laýyklykda howa babatynda berlen borçanamalar, dünýä temperaturasynyň 2 °C ýetmekden saklamak üçin zerur bolan zyňyndylary azaltmagyň diňe üçden bir bölegini öz içine alýar.
ABŞ-nyň 26 trillion
dollary
2030-njy ýyla çenli howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin batyrgaý hereketler azyndan 26 trillion dollarlyk ykdysady girdejini getirip biler.
18
million
2030-njy ýyla çenli diňe energiýa pudagynda, esasan durnukly energiýa gönükdirilen 18 million töweregi iş orunlar dörediler.
Maksatlar
- Ähli ýurtlarda howa bilen baglanyşykly howplara we tebigy betbagtçylyklara durnuklylygy we uýgunlaşma ukybyny ýokarlandyrmak;
- Howanyň üýtgemegine garşy çäreleri milli syýasatlara, strategiýalara we meýilnamalara ornaşdyrmak;
- Howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak, oňa uýgunlaşmak we irki duýduryş boýunça bilim almak, habarlylygy ýokarlandyrmak, şeýle hem adamlaryň we edaralaryň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak;
- Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň gatnaşyjylary bolan ösen ýurtlar tarapyndan, ösýän ýurtlaryň howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak boýunça konstruktiw çäreleri görmek ugrunda zerurlyklaryny kanagatlandyrmak we olaryň aç-açan durmuşa geçirilmegini üpjün etmek, şeýle hem Ýaşyl Howa Gaznasyny mümkin boldugyça gysga möhletde kapitallaşdyrmak arkaly işjeňligini doly derejede üpjün etmek üçin 2020-nji ýyla çenli ähli çeşmelerden bilelikde 100 milliard ABŞ dollaryny toplamak babatynda ýyllyk maksatlaryna ýetmek üçin borçlaryny ýerine ýetirmek;
- Ösüşi pes bolan ýurtlarda we ösýän kiçi ada ýurtlarda aýal-gyzlara, ýaşlara, şeýle hem ýerli we çetleşdirilen jemgyýetlere ünsi jemlemek arkaly howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meýilnamalaşdyrmak we dolandyrmak boýunça mümkinçilikleri ýokarlandyrmagyň mehanizmlerini ösdürmäge goldaw bermek.
DÖM HEREKETDE
14-nji maksat
Deňziň ekoulgamlaryny gorap saklamak
Dünýä ummanlary - olaryň temperaturasy, himiki düzümi, akymlary we durmuşy – ýeri, adamzadyň ýaşamagy üçin amatly şert döredýän global ulgamlary herekete getirýär. Bu möhüm çeşmäniň dolandyrylmagy tutuş adamzat üçin we howanyň üýtgemeginiň täsirlerine garşy göreşmek üçin möhümdir.
Üç milliarddan gowrak adamyň ýaşaýyş şertleri üçin zerur bolan çeşmeler deňiz we kenarýaka biodürlüligine baglydyr. Şeýle-de bolsa, häzirki wagtda biz dünýädäki balyk gorlarynyň 30 göteriminiň aşa köp ulanylýandygyny, bu bolsa durnukly hasyl öndürmek mümkinçiligini pese düşürendigini görýäris.
Ummanlar adamlar tarapyndan döredilen kömürturşy gazynyň takmynan 30 göterimini sorup alýarlar, şeýle-de, biz senagy rewolýusiýasynyň başyndan bäri umman suwlarynyň turşylygynyň 26 göterim ýokarlanandygyny görýäris. Gury ýer çeşmeleriniň sebäp bolýan deňiz hapalanmasynyň aglaba bölegi howsalaly ýagdaý döredýär: ummanyň her inedördül kilometrinde ortaça 13,000 bölek plastik hapalary tapylýar.
DÖM deňiz we kenarýaka ekoulgamlaryny durnukly dolandyrmagy we olary hapalanmakdan goramagy, şeýle hem umman suwlarynyň turşamagynyň täsirlerini aradan aýyrmagy maksat edinýär. Halkara hukuk arkaly ummanyň çeşmelerini gorap saklamak we olardan yzygiderli peýdalanmak, ummanlarymyzyň öňünde durýan käbir kynçylyklary azaltmaga kömek eder.
75
göterim
Ummanlar ýer togalagynyň dörtden üç bölegini öz içine alýar we göwrümi boýunça planetadaky ýaşaýyş meýdanynyň 99 göterimini emele getirýär.
200
müň
Ummanlarda ýaşaýan jandarlaryň görnüşleri takmynan 200,000 diýip kesgitlendi, ýöne olaryň sany millionlarça bolup biler.
40
göterim
Ummanlaryň 40 göterimi hapalanmak, tükeniksiz balykçylyk, kenarýaka ýaşaýyş ýerleriniň ýitmegi we adamlaryň beýleki işleri zerarly ejir çekýär.
30
göterim
Ummanlar, global ýylylygyň täsirini pese gaçyrmak bilen adamlar tarapyndan döredilýän kömürturşy gazynyň 30 göterimini sorup alýarlar.
3
milliard
3 milliarddan gowrak adamyň durmuşy deňiz we kenarýaka biodürlüligine baglydyr.
3 trillion ABŞ
dollary
Deňiz we kenarýaka baýlyklarynyň we pudaklarynyň bazar bahasy ýylda 3 trillion dollar, global jemi içerki önümiň 5 göterimi diýlip çaklanylýar.
Maksatlar
- 2025-nji ýyla çenli, gury ýerde alnyp barylýan işleriň, şol sanda deňiz galyndylaryň we ýokumly maddalaryň netijesinde emele gelýän deňiz gurşawynyň hapalanmagynyň öňüni almak we azaltmak;
- 2020-nji ýyla çenli deňiz we kenarýaka ekoulgamlarynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak arkaly oňaýsyz täsirleriň öňüni almak maksady bilen olaryň oýlanyşykly peýdalanylmagyny üpjün etmek, şeýle hem ummanlaryň ekologiki taýdan arassa we öndürijilikli bolmagyny üpjün etmek üçin olary dikelder ýaly çäreleri görmek;
- Ylym pudagynda hyzmatdaşlygyň üsti bilen umman suwlarynyň turşamagynyň ýetirýän täsirlerini azaltmak we aradan aýyrmak;
- 2020-nji ýyla çenli tutulan awy ýygnamak amalyny düzgünleşdirmek we artykmaç balyk tutmak, şeýle hem bikanun, habar berilmedik we düzgünleşdirilmedik balyk tutmak amalyny aradan aýyrmak, hem-de gysga wagtyň içinde balyk gorlarynyň biologiki aýratynlyklaryna üns berip, iň azyndan balyk tutmak amalynyň ekologiki taýdan durnukly bolmagyny üpjün edip, bu gorlary dikeltmek üçin ylym esasynda oba hojalygyna degişli meýilnamalary durmuşa geçirmek;
- 2020-nji ýyla çenli milli we halkara kanunlaryna laýyklykda we iň oňat ylmy maglumatlar esasynda kenarýaka we deňiz sebitleriniň azyndan 10 göteriminde tebigaty goraýyş çärelerini geçirmek;
- 2020-nji ýyla çenli artykmaç önümçilik kuwwaty we artykmaç balyk tutmaga goşant goşýan balykçylyk subsidiýalarynyň käbir görnüşlerini gadagan etmek, şeýle hem bikanun, habar berilmedik we düzgünleşdirilmedik balykçylyga goşant goşýan subsidiýalary aradan aýyrmak we ösýän hem-de ösüşi pes bolan ýurtlar üçin aýratyn we diferensial kadalaryny laýyk we täsirli ulanmak - Bütindünýä Söwda Guramasynyň çäklerinde alnyp barylýan balykçylyk subsidiýalary ýaly meseleler boýunça geçirilýän gepleşikleriň aýrylmaz bir bölegi bolmalydyr;
- 2030-njy ýyla çenli ösýän kiçi ada ýurtlarynyň we ösüşi pes bolan ýurtlaryň balykçylyk, suw hojalygy we syýahatçylyk ýaly pudaklaryny daşky gurşaw taýdan oýlanyşykly dolandyrmak arkaly deňiz baýlyklaryny durnukly ulanmagyň netijesinde alýan ykdysady peýdalaryny artdyrmak;
- Ummanlaryň ekologiki taýdan arassa bolmagyny üpjün etmek, şeýle hem ösýän ýurtlaryň, esasanam ösýän kiçi ada ýurtlaryň we ösüşi pes bolan ýurtlaryň ösüşine deňiz biodürlüliginiň edýän goşandyny ýokarlandyrmak maksady bilen, Hökümetara okeanografiýa komissiýasy tarapyndan işlenip düzülen, deňiz tehnologiýalaryny geçirmek baradaky şertleri we görkezmeleri göz öňünde tutup, bilimleri artdyrmagy, ylmy barlag işleriniň geçirilmegini we deňiz tehnologiýalarynyň geçirilmegini üpjün etmek;
- Elde balyk tutmak bilen meşgullanýan ownuk hojalyklar üçin deňiz baýlyklarynyň we bazarlarynyň elýeterli bolmagyny üpjün etmek;
- Ummanlary we olaryň baýlyklaryny gorap saklamak we durnukly peýdalanmak üçin hukuk binýadyny üpjün edýän “Biziň ymtylýan geljegimiz” atly resminamanyň 158-nji bölüminde bellenilşi ýaly, deňiz hukuklary boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Konwensiýasynda beýan edilen, halkara hukugynyň kadalaryny berjaý etmek arkaly ummanlary we olaryň baýlyklaryny gorap saklamak we durnukly peýdalanmak üçin alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek.
15-nji maksat
Gury ýerleriň ekoulgamlaryny goramak
Adamyň ömri, ummanlara bagly bolşy ýaly, gury ýerlere hem baglydyr, şeýle hem ol biziň rysgalymyzyň we eklenjimiziň bolmagyna sebäp bolýar. Ösümlik dünýäsi adam iýmitiniň 80 göterimini üpjün edýär we biz, möhüm ykdysady çeşme hökmünde oba hojalygyna bil baglaýarys. Tokaýlar ýer togalagynyň 30 göterimini tutýar, millionlarça jandarlaryň görnüşleri üçin ýaşaýyş gurşawyny döredýär, arassa howa we suw üçin möhüm çeşme bolup hyzmat edýär, şeýle hem howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ugrunda möhüm ähmiýete eýedir.
Her ýyl 13 million gektar tokaý zolaklary ýitýär, gurak ýerleriň zaýalanmagy bolsa 3,6 milliard gektar ýerleriň çölleşmegine sebäp bolup, jemgyýetiň garyplykda ýaşaýan adamlaryna täsir edýär.
Ýerleriň 15 göterimi goralsa-da, biodürlülik henizem howp astynda bolup galýar. Haýwanlaryň we ösümlikleriň 7000 töweregi görnüşi bikanun söwda sezewar edildi. Haýwanat dünýäsiniň söwdasy diňe bir biodürlüligi ýok etmek bilen çäklenmän, eýsem howpsuzlygy howp astyna salýar, çaknyşyklary güýçlendirýär we korrupsiýanyň peýda bolmagyna sebäp bolýar.
Umumy mirasymyzyň bir bölegi bolup, global derejede azyk we suw howpsuzlygyny goldaýan, howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaldýan we oňa uýgunlaşmagy goldaýan, şeýle hem parahatçylygyň we howpsuzlygyň bolmagyny üpjün edýän tebigy ýaşaýyş ýerleriniň we biodürlüligiň ýitip gitmeginiň öňüni almak üçin dessin çäreleri görmek zerurdyr.
1.6
milliard
1,6 milliard töweregi adam, şol sanda ýerli halklaryň 70 milliony eklençleri üçin tokaýlara garaşlydyr.
80
göterim
Tokaýlarda haýwanlaryň, ösümlikleriň we mör-möjekleriň ýerüsti görnüşleriniň 80 göteriminden gowragy ýaşaýar.
2.6
milliard
2,6 milliard adamyň ýaşaýyş şertleri gönüden-göni oba hojalygyna baglydyr.
33
göterim
2030-njy ýyla çenli howa babatyndaky çözgütler, CO2 zyňyndylarynyň üçden bir böleginiň azalmagyna goşant goşup biler.
125 trillion
ABŞ dollary
Adamlaryň ýaşaýyş şertleri we abadançylygy üçin ekoulgamlaryň gymmatlygy ýylda 125 trillion dollara bara-bardyr.
60-80
göterim
Dag sebitleri 60-80 göterim süýji suw bilen üpjün edýär.
Maksatlar
- 2020-nji ýyla çenli ýerüsti we içerki süýji suw ekoulgamlaryny we olaryň hyzmatlaryny, hususan-da, tokaýlary, batgalyk ýerleri, daglary we gurak ýerleri, halkara şertnamalardaky borçnamalara laýyklykda gorap saklamak, dikeltmek we durnukly peýdalanmak;
- 2020-nji ýyla çenli tokaýlaryň ähli görnüşlerini durnukly dolandyrmak boýunça usullary ornaşdyrmak, tokaýlaryň çapylmagyny bes etmek, zaýalanan tokaýlary dikeltmek we bütin dünýäde tokaýlary köpeltmek we dikeltmek üçin alnyp barylýan işleriň gerimini giňeltmek;
- 2030-njy ýyla çenli çölleşmä garşy göreşmek, zaýalanan ýerleri we topraklary, şol sanda çölleşen, guran we suw joşan ýerleri dikeltmek we bütin dünýäde ýerleriň zaýalanmazlygyny üpjün etmäge çalyşmak;
- 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş üçin zerur bolan, daglaryň peýda bermek ukybyny ýokarlandyrmak üçin dag ekoulgamlaryny, şol sanda biodürlüligini gorap saklamak;
- Tebigy ýaşaýyş ýerleriniň zaýalanmagyny we biodürlüligiň ýitmegini bes etmek, şeýle hem 2020-nji ýyla çenli ýitip gitmek howpuna düşen jandarlaryň görnüşleriniň ýitip gitmeginiň öňüni almak üçin gyssagly çäreleri görmek;
- Genetiki baýlyklardan peýdalanmagyň netijesinde alynýan peýdalaryň adalatly paýlaşylmagyna ýardam bermek we halkara derejesinde ylalaşylyşy ýaly bu çeşmeleriň elýeterli bolmagyny üpjün etmek;
- Brakonerlige we ösümlik we haýwanat dünýäsiniň goralýan görnüşleriniň söwdasyny bes etmek üçin dessin çäreleri görmek, şeýle hem ýabany tebigatyň bikanun önümlerine bolan isleglere we üpjünçilige degişli meseleleriň çözgüdini tapmak;
- 2020-nji ýyla çenli ýer we suw ekoulgamlaryna jandarlaryň basyp alyjy, keseki görnüşleriniň ornaşdyrylmagynyň öňüni almak we olaryň täsirlerini azaltmak, şeýle hem ileri tutulýan görnüşleriň sanlaryny çäklendirmegiň ýa-da ýok etmegiň öňüni almak üçin çäreleri görmek;
- 2020-nji ýyla çenli ekoulgamyň we biodürlüligiň gymmatlyklarynyň milli we ýerli meýilnamalaşdyryş işlerine, ösüş proseslerine, garyplygy azaltmak strategiýalaryna we meýilnamalaryna goşulmagyny üpjün etmek;
- Biodürlüligi we ekoulgamlary gorap saklamak we durnukly ulanmak üçin ähli çeşmelerden maliýe serişdelerini çekmek we ýokarlandyrmak;
- Tokaýlary durnukly dolandyrmak üçin alnyp barylýan işleri maliýeleşdirmek we ösýän ýurtlary, şeýle dolandyryş usullaryny ulanmaga höweslendirmek üçin ähli çeşmelerden mümkin boldugyça köp serişdeleri çekmek;
- Ýerli jemgyýetleriň, ekologiki taýdan howpsuz ýaşaýyş şertlerinden peýdalanmak mümkinçiligini giňeltmek arkaly brakonerlige we jandarlaryň goralýan görnüşleriniň söwdasyna garşy göreşmek boýunça global tagallalary güýçlendirmek.
DÖM HEREKETDE
Maksat 16
Parahatçylyk, adalat we berk institutlar
Parahatçylyk, durnuklylyk, adam hukuklary we kanunyň hökmürowanlygy esasynda netijeli dolandyryş bolmazdan, biz durnukly ösüşi gazanmagy umyt edip bilmeris. Şeýle-de bolsa, dünýäniň ýüzünde bölünişik barha artýar. Käbir sebitler parahatçylykda, howpsuzlykda we abadançylykda ýaşaýarlar, beýlekiler bolsa tükeniksiz çaknyşyklara we zorluga sezewar bolýarlar. Bu gutulgysyz däl we munuň çözgüdini tapmak mümkin.
Ýaragly zorluk we howpsyzlygyň ýoklugy ykdysady ösüşe päsgelçilik döredip, nesilleriň dowamynda saklanýan nägileliklere sebäp bolup, ýurduň ösüşine zyýanly täsirini ýetirýär. Jynsy taýdan zorluk, jenaýat, ekspluatasiýa we gynamalar çaknyşyklaryň bar ýerinde ýa-da kanunyň ýok ýerinde ýaýraýar, şol sebäpli ýurtlar howp astyndaky adamlary goramak üçin çäre görmelidir.
DÖM zorlugyň ähli görnüşlerini azaltmagy, şeýle hem çaknyşyklary bes etmek we howplary aradan aýyrmak üçin hökümetler we jemgyýetler bilen işleşmegi maksat edinýär. Kanunyň hökmürowanlygyny we adam hukuklaryny öňe sürmek - bikanun ýaraglaryň akymyny azaltmak we ösýän ýurtlaryň global dolandyryş institutlaryna gatnaşygyny güýçlendirmek bu prosesiň esasy elementidir.
68.5
million
2017-nji ýylyň ahyryna çenli 68,5 million adam yzarlamalar, çaknyşyklar, zorluklar ýa-da adam hukuklarynyň bozulmagy netijesinde zor bilen göçürildi.
10
million
Azyndan, raýatlygy bolmadyk 10 million adam raýatlykdan we oňa degişli hukuklardan mahrumdyr.
ABŞ-nyň 1.26 trillion
dollary
Korrupsiýa, parahorluk, ogurlyk we salgyt tölegini tölemekden boýun gaçyrmak - ösýän ýurtlaryň ýylda 1,26 trillion dollar çykdajy etmegine sebäp bolýar.
49
ýurt
49 ýurtda aýallary maşgaladaky zorlukdan goraýan kanunlar ýok.
46
ýurt
Häzirki wagtda 46 ýurtda aýallar milli mejlisiň azyndan bir palatasynda 30 göterimden gowrak orny eýeleýärler.
1
milliard
Kimdigini subut edip bilmeýändigi sebäpli 1 milliard adam kanuny taýdan “görünmeýär”. Bu ýagdaý dogulan wagty hasaba alynmadyk 14 ýaşa ýetmedik çagalaryň takmynan 625 millionyny öz içine alýar.
Maksatlar
- Bütin dünýäde zorlugyň ähli görnüşlerini we onuň bilen baglanyşykly ölüm hadysalaryny azaltmak;
- Çagalara garşy zorlugy we onuň ähli görnüşlerini, olaryň ekspluatasiýasyny we söwdasyny aradan aýyrmak;
- Milli we halkara derejesinde kanunyň hökmürowanlygyny ýokarlandyrmak we hemmeler üçin adalatyň deň bolmagyny üpjün etmek;
- 2030-njy ýyla çenli bikanun maliýe we ýarag akymlaryny azaltmak, ogurlanan emlägi tapmak we yzyna gaýtarmak üçin alnyp barylýan işleri güýçlendirmek we guramaçylykly jenaýatyň ähli görnüşlerine garşy göreş alyp barmak;
- Korrupsiýany we para almagyň ähli görnüşlerini azaltmak;
- Ähli derejelerde täsirli, jogapkärçilikli we aç-açan edaralary ösdürmek;
- Ähli derejelerde täsirli, öz içine alyjy, ilatyň hemme gatlaklarynyň gatnaşmagyny üpjün edýän we wekilçilikli karar bermegi üpjün etmek;
- Ösýän ýurtlaryň global dolandyryş institutlaryna gatnaşygyny giňeltmek we hereketlendirmek;
- 2030-njy ýyla çenli hemme adamlaryň kanuny şahsyýetnamalarynyň, şol sanda dogluş şahadatnamalarynyň bolmagyny üpjün etmek;
- Milli kanunçylyga we halkara şertnamalaryna laýyklykda halkyň maglumata elýeterliligini üpjün etmek we azatlygyny goramak;
- Ösýän ýurtlaryň - zorlugyň öňüni almak, şeýle hem terrorçylyga we jenaýatçylyga garşy göreşmek üçin alyp barýan işlerinde mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak maksady bilen halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek arkaly degişli milli edaralary güýçlendirmek;
- Durnukly ösüş üçin diskriminasion bolmadyk kanunlary we syýasatlary öňe sürmek we ýerine ýetirmek.
17-nji maksat
Durnukly ösüş üçin hyzmatdaşlyk
DÖM-ny diňe pugta global hyzmatdaşlyk arkaly durmuşa geçirip bolar. Ösüşiň bähbidine resmi taýdan berilýän goldaw durnuklydy, ýöne maksatlaýyn görkezijiden pesdi - 2017-nji ýylda 147 milliard ABŞ dollary. Şol bir wagtyň özünde çaknyşyklar ýa-da tebigy betbagtçylyklar sebäpli ýüze çykan ynsanperwer çökgünliklerden soň dikelmek üçin häzirem maliýe çeşmeleri we goldawy zerur bolup dur. Şeýle-de, köp ýurtlaryň ykdysady we söwda pudagynyň ösmegi üçin resmi taýdan goldaw bermek zerur.
Dünýädäki arabaglanyşyk öňküden hem pugtalandy. Tehnologiýa we bilime elýeterliligi ýokarlandyrmak, pikirleri paýlaşmagyň we innowasiýalary goldamagyň esasy usulydyr. Ösýän ýurtlara bergilerini dolandyrmaga ýardam etmek üçin syýasaty utgaşdyrmak, şeýle hem ösüşi pes bolan ýurtlara maýa goýumlaryny höweslendirmek, durnukly ösüş üçin möhümdir.
Maksatlar, ähli maksatlara ýetmek üçin milli meýilnamalary goldamak arkaly Demirgazyk-Günorta we Günorta-Günorta hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maksat edinýär. Halkara söwdany ösdürmek we ösýän ýurtlara eksportyny artdyrmakda ýardam etmek – aç-açan we hemmelere peýdaly bolan ähliumumy, düzgünlere esaslanýan we adalatly söwda ulgamyny döretmegiň bir bölegidir.
$5
trillion
BMG-niň Söwda we ösüş maslahaty (UNCTAD), DÖM-na ýetmek üçin her ýyl 5-7 trillion dollar aralygynda maýa goýumlarynyň gerek boljakdygyny aýdýar.
$147.2
milliard
2017-nji ýylda ösüş ugrunda berlen resmi kömegiň umumy möçberi 147,2 milliard ABŞ dollaryna ýetdi.
$613
milliard
2017-nji ýylda halkara pul geçirmeleri 613 milliard ABŞ dollaryna barabar boldy; onuň 76 göterimi ösýän ýurtlara gönükdirildi.
6
ýurt
2016-njy ýylda 6 ýurt ösüş ugrunda resmi kömegini öz jemi milli girdejisiniň 0,7 göteriminde ýa-da ondan ýokary derejede saklamak boýunça halkara maksadyna ýetdi.
$18.2
trillion
Durnukly we jogapkärçilikli maýa goýumlary, DÖM-na ýetmek üçin giň mümkinçilikli maýa çeşmeleridir. 2016-njy ýyla çenli bu serişdeler toparyna 18,2 trillion dollar maýa goýuldy.
$155.5
milliard
Durnukly telekeçilik işi üçin obligasiýa bazary ösýär. 2018-nji ýylda global derejede gök obligasiýalar geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 78 göterim ýokarlanyp, 155,5 milliard dollar boldy.
Maksatlar
Maliýe
- Salgyt we beýleki girdejileri ýygnamak üçin içerki mümkinçilikleri ýokarlandyrmak üçin ösýän ýurtlara halkara goldawyny bermek bilen içerki çeşmeleri herekete getirmek üçin edilýän çäreleri güýçlendirmek;
- Ösen ýurtlaryň - ösüş ugrunda resmi goldawyny bermegi boýunça öz borçnamalaryny doly derejede berjaý etmeklerini üpjün etmek, şol sanda ösen ýurtlaryň ösýän ýurtlara ösüş ugrunda berýän resmi goldawy boýunça serişdeleriniň maksatlaýyn görkezijisini - öz jemi milli girdejisiniň 0,7 göterimine, şeýle hem ösüşi pes bolan ýurtlara ösüş ugrunda berýän resmi goldawyny öz jemi milli girdejisiniň 0,15-0,20 göterimine ýetirmek diýen borçnamasynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek; ýurtlara ösüş ugrunda resmi goldawyny berýän döwletlere – ösüşi pes bolan ýurtlara öz jemi milli girdejisiniň 0,20 göteriminden pes bolmadyk möçberede girdejisini goldaw hökmünde bermek diýen maksady öňde goýmak meselesini göz öňünde tutmak;
- Ösýän ýurtlar üçin dürli çeşmelerden goşmaça maliýe serişdelerini çekmek;
- Ösýän ýurtlara – karz serişdeleri arkaly maliýeleşdirmek, karzy ýeňilleşdirmek we karz amallaryny üýtgedip gurmak ýaly işlere gönükdirilen utgaşdyrylan meýilnamalar arkaly uzak möhletleýin, durnukly karz serişdelerini almaga goldaw bermek, şeýle hem karzy köp bolan garyp ýurtlara karzlaryny azaltmaga goldaw bermek maksady bilen daşarky karzlaryny gaýtarmak üçin çözgütleri tapmak;
- Ösüşi pes bolan ýurtlaryň bähbidine maýa goýumlary ösdürmek babatynda düzgünleri kabul etmek we durmuşa geçirmek.
Tehnologiýa
- Bar bolan mehanizmleriň içinde utgaşdyryş amallaryny kämilleşdirmek arkaly, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde we tehnologiýalary geçirmäge ýardam etmek boýunça global mehanizmler arkaly ylymyň, tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň elýeterli bolmagyny üpjün etmek, şeýle hem özara ylalaşylan şertlere laýyklykda bilimi paýlaşmak üçin alnyp barylýan işleri güýçlendirmek boýunça Demirgazyk-Günorta, Günorta-Günorta hem-de üç taraplýyn sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek;
- Ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalaryň, özara ylalaşylyşy ýaly, ýeňilleşdirilen we amatly şertlerde, ösýän ýurtlara elýeterli bolmagyny üpjün etmek üçin bu tehnologiýalary işläp düzmäge, geçirmäge, ýaýratmaga we özleşdirmäge goldaw bermek;
- Ösüşi pes bolan ýurtlaryň bähbidine, 2017-nji ýyla çenli tehnologiýalar bankynyny we ylymyň ösüş mehanizmini, tehnologiýalary we innowasiýalary doly derejde işjeňleşdirmek, şeýle hem, ýokary öndürijilikli tehnologiýalaryň, hususan-da, maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalaryň ulanylmagyny giňeltmek.
Mümkinçilikleri ýokarlandyrmak
- Demirgazyk-Günorta we Günorta-Günorta hyzmatdaşlyk, şeýle hem üç taraplaýyn hyzmatdaşlyk arkaly durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek maksady bilen milli meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegine goldaw bermek üçin ösýän ýurtlarda täsirli we maksatly mümkinçilikleri ýokarlandyrmak üçin halkara goldawyny güýçlendirmek.
Söwda
- Bütindünýä Söwda Guramasynyň ösüş ugrunda Doha Gün tertibi boýunça gepleşikleriň tamamlanmagy sebäpli, Bütindünýä Söwda Guramasynyň çäklerinde ähliumumy, düzgünlere esaslanýan, açyk, diskriminasion bolmadyk we adalatly köptaraplaýyn söwda ulgamyny öňe sürmek;
- 2020-nji ýyla çenli ösüşi pes bolan ýurtlaryň global eksportdaky paýyny iki esse artdyrmak maksady bilen ösýän ýurtlaryň eksportyny ýokarlandyrmak;
- Bütindünýä Söwda Guramasynyň kararyna laýyklykda, ösüşi pes bolan ýurtlaryň bazarlara uzak möhletleýin paçsyz we kwotasyz elýeterliligini öz wagtynda üpjün etmek, şol bir wagtyň özünde ösüşi pes bolan ýurtlardan import edilýän harytlara degişlilikde ulanylýan düzgünleriň aç-açan we ýönekeý bolmagyny, şeýle hem bazarlaryň elýeterli bolmagyny üpjün etmek.
Ulgamlaýyn meseleler
Syýasatyň we edaralaryň alyp barýan işleriniň yzygiderliligi
- Syýasaty utgaşdyrmak we syýasatyň yzygiderli bolmagyny üpjün etmek arkaly global makroykdysady durnuklylygy ýokarlandyrmak;
- Durnukly ösüşi gazanmak üçin syýasatyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak;
- Garyplygy ýok etmek we durnukly ösüşi gazanmak üçin syýasatlary işläp düzmek we durmuşa geçirmek üçin her bir ýurduň syýasy giňişligine we ýolbaşçylyk ukybyna hormat goýmak.
Köp taraplaýyn hyzmatdaşlyk
- Ähli ýurtlarda, hususan-da, ösýän ýurtlarda durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin bilimi, tejribäni, tehnologiýalary we maliýe çeşmelerini herekete getirýän we olaryň elýeterli bolmagyny üpjün edýän, durnukly ösüş üçin global hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak;
- Hyzmatdaşlaryň çeşmelerinden peýdalanmak üçin, olaryň tejribesine we strategiýalaryna laýyklykda, döwlet edaralarynyň we hususy pudagyň, şeýle hem raýat jemgyýeti guramalarynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy höweslendirmek we öňe sürmek.
Maglumat, gözegçilik we jogapkärçilik
- 2020-nji ýyla çenli, adamlaryň girdejileri, jynsy, ýaşy, tire-taýpasy, milleti, migrasion ýagdaýy, maýyplygy, geografiki ýerleşişi we milli şertlere degişli beýleki aýratynlyklary boýunça bölünmedik ýokary hilli, öz wagtynda we ygtybarly maglumatlaryň elýeterli bolmagyny üpjün etmek üçin ösýän ýurtlaryň, şol sanda ösüşi pes bolan ýurtlaryň we ösýän kiçi ada ýurtlaryň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin goldaw bermek;
- 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüşe ýetmek we ösýän ýurtlaryň statistiki mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin bar bolan başlangyçlara esaslanyp, jemi içerki önümiň görkezijisinden başga-da, durnukly ösüşiň öňegidşligini ölçemek üçin beýleki görkezijileri hem işläp düzmek.